''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Gyz ýüregi ynjamasyn

Gyz maşgalanyň atasy öýüne myhmandygy ýadyma düşende, näme üçindir, tolgunýaryn. Şol pursat enemden eşiden bir rowaýatym ýadyma düşýär. Onda aýdylyşyna görä, bir ýagşyzadanyň üç ogly, bir gyzy bolanmyş. Ýagşyzada her gün agşam üç ogluny arka tarapynda ýatyryp, ýüzüni ýalňyz gyzyna seredip uka gider eken. Gyzy dünýä inen gününden başlap gaýtalanyp duran bu hereketi geň gören ýagşyzadanyň aýaly bir gün ondan bu närsäniň sebäbini sorapdyr. Şonda ol: «Ogul—özümiňki, naçar gyzym bolsa —il maşgalasy. Onuň näzik göwnüni ynjytmak bolmaz» diýip jogap beripdir. Adamsyndan göwnejaý jogap alan ene şol günden soň gyzyna has-da mähirli garap, ony aýratyn üns-alada bilen gurşapdyr. Ykbal maňa gyzly bolmak bagtyny eçilmedik hem bolsa, bu gün gelinlerim gözüme gyzlarym bolup görünýär. Ilkinji agtyjagymyň gyz bolmagyny dilän günüm hem dileglerim Arşyň dergähinde kabul bolupdy. Ejem jan hemişe meniň aladamy edip: «Gyzy ýoguň gyýmazy ýok, balam, seniň hem gyzyň bolaýsa bolmaýarmydy?!» diýip, meniň gelejekki ykbalymy özüçe ünji edinerdi. Men şonda: «Alada galma käbäm, gelin geler, gyz bolar» diýip ejemi köşeşdirerdim. Käýarym ilçilikde agtygyma dakan adymy geň görüp sowal berýärler. Men şonda ilkinji agtyga: «Aý gördüm — agtyk» diýilýändigini, öz gyzy

Elbukjam — buýsanjym

Gadyrly deň-duşlar! Men galyndy matalardan biziň ene-mamalarymyzdan däp bolup galan elbukjany tikmegi öwrendim. Bu el işiniň taýýarlanylyşyny «Güneş» žurnalynyň üsti bilen size ýetiresim geldi. Ýerine ýetirilişi:

Lezzetli tagam

Gerekli önümler: • 8 sany ýeralma;

Ruhubelent nesil — bagtyýar nesil

Ruhubelentlilik, watansöýüjilik, ýagşy niýetlilik, maksada okgunlylyk her bir adamyň, ylaýta-da eziz Watanymyzy ösdürjek ýaş neslimiziň ykbalyny kesgitleýän gylyk-häsiýetlerdir. Zähmet adamy terbiýeleýär, mertligi, özüňe bolan ynamy döredýär. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynda: «Ynsanyň abraý-mertebesi, gadyr-gymmaty zähmeti bilen kesgitlenýär. Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir ýaş ynsan zähmeti baýdak edinmelidir» diýmek bilen, ýaş nesle halal zähmeti ündeýär. Ruhubelentlik bilen ynamyň sazlaşygy dörände, adam ýanbermez güýje öwrülýär.

Edep-terbiýäniň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli ahlak ýörelgeleri, däp-dessurlary bu günki gün mynasyp dowam etdirilýär. Bu ýörelgeler pederlerimiziň kämilleşdiren edep kadalarydyr, durmuş mekdebidir. Şonuň üçin hem ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri geljek nesillere geçirilýär, milli terbiýe ylmy esasda öwrenilýär hem-de ösdürilýär. Terbiýäniň baş maksady özüňi ahlakly, edepli alyp barmagyň endiklerini we asylly häsiýetleri terbiýelemekden ybaratdyr. Terbiýe paýhasly sözler, görelde bilen utgaşmalydyr. Diňe şeýle ýagdaýda ýaşlara öwüt-ündewler aňa siňňitli barýar. Ýaşlar gözi ýetip duran zada ynanýarlar.

Mukaddes borç

Biz durmuş hakynda köp oýlanýarys. Onuň synagly ýollary adamlary taplaýan bolsa, ýapýan serpaýlary guwandyrýar, özüne müdimilik aşyk edýär. Durmuş hakynda oýlandygyňça-da, nämüçindir oý-pikirleriň soňy hökman enelere syrygyp gidýär. Eneler dünýäniň başlangyjy diýsek, hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz. Çünki Watan goraýan ärleri, ylymdar pirleri, söz daragtynyň gülüni tiren Magtymguly Pyragy deý zorlary dünýä inderen hem eneler. Enäniň kalby bakylygyň altyn gapysyna meňzeýär. Ene kalbynda ýerlän ogul-gyzlar ömrüni şol kalbyň töründe ezizlenip geçirýärler. Ene söýgüsi mizemez, ol söýgi öz ornuny hiç bir zat bilen çalyşmaýar. Ähli zady özgerdip bilýän wagt hem ene söýgüsini özgerdip bilmeýär. Ene diňe öz dünýä inderen balalaryna enelik edeni bilen kanagatlanmaýar. Ol balalarynyň balasyna-da, olaryň nesillerine-de enelik mährini bolluk bilen eçilip bilýär.

Döwlet getiren perzent

«Ene bolmak bagty zenany hemişe buýsandyrýar. Ilkinji gezek däl, üçünji gezek bolsa-da, bu şeýle bolýan eken. Çünki täze şäheriň Täze ýylynyň ilkinji gününde ýene bir ogul perzendimiz dünýä indi» diýip, buýsançly gepleýän Ogulabat gelnejäni diňläp oturyşyma, oňa buýsanç bilen seredenimi duýman galypdyryn. Eýsem, buýsanmaz ýalymy, döwletli gelniň ýeten bagty her bir zenanyň iň gymmatly arzuwy ahbetin! Ylmyň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýän, döwrebap Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň ýaşaýjylary Kakageldiýewleriň döwletli maşgalasynda Gadam we Kakageldi atly iki oguldan soň dünýä inen çaga: «Döwletli öýe döwlet getiren perzent» diýip, arkaýyn aýdyp bileris.

Arzuw

Aýjahan, kitaphanadan çykyp gelşine, ýaňyja okan setirlerini bir zat bilen baglanyşdyrmak isledi, ýöne kelebiň ujuny ýitiren ýaly, pikirleri dagynykdy. Şu güne çenli başdan geçiren wakalaryny ýekän-ýekän göz öňünde janlandyryp barşyna, bu mahal serini gozgalaňa salan pikirleriniň haýsy birini bijebaşy etjegini bilmän kösendi. «Munça pikir bir başa, munça arzuw bir ömre nädip sygarka?!» diýip oýlanýardy. Bir pikir onuň halys erkini elden alypdy. «Arzuwlaryňam iň beýigi bolýar ekeni. Ynsanlaryň, dogrusy, meniň iň beýik arzuwym nämekä?» diýen sowal gyzy gününe goýmady. Dogry, ynsan üçin beýik söýgi, beýik ynam, beýik dostluk bolup biler, emma arzuwlaryň beýigi barada oýlanmandygyna öz ýanyndan geň galýardy. Bu meselede gyz arzuwlary giden bir ummana meňzedýärdi. Her kimiň arzuw etmäge haky bar. Hiç kim hiç wagt başga birini arzuw etmekden saklap bilmez. Ynsan arzuwlaryň ummanynda göwün solpusyndan çykýança gulaçlap ýüzmäge haklydyr, muňa päsgel berip biljek ynsan ýokdur. Bu pikirler Aýjahanyň aňynda mäkäm orun alypdy. Emma bu wagt ol: «Ynsan üçin iň beýik arzuw nämekä?» diýip oýlanýardy. Gyz ýuwaşja ýöräp duralga geldi. Awtobus ýaňy ugran bolmaga çemeli. Aýjahan muňa, gynanmaga derek, gaýta begendi. Boş oturgyçlaryň birine geçip oturdy.

Döwletli ojagyň toýly töründe

Ýaşlyk ýyllaryň, bu dünýä ter nazaryň bilen bakýan ýetginjek döwrüň täsirine düşen haýsydyr bir pikiriň, tomaşa eden kinofilmiň, okan kitaplaryň, eşiden gürrüňleriň ömürboýy ýadyňda galýan eken. Haýran galýaryn. Bir aý mundan ozalky zat ýadymdan çykyp bilýär. Emma ýyllaryň gatyna siňen, hakydamyň alys öwrümlerinde galan täsirler asyl ýatdan çykmaýan eken. Mekdep ýyllarymdy. Mugallym maşgala barada düzme ýazmagy tabşyrdy. Nädip ýazjagymy bilmän, köp oýlanyp oturdym. Gapdalymdaky hatarda oturan gyzyň elindäki dürli suratlar bilen bezelen gutlagnamalara gözüm düşdi. Ünsümi özüne çeken gutlagnamalar biri-birinden owadandy. Asyl şu gün irden, mekdebe gelelimiz bäri, elden-ele geçip, her kimiň guwanjyny, söýgüsini gazanan gutlagnamalaryň ýaňybir eýesine gowşup durşudy. «Menem göräýeýin!» diýip, synpdaşyma ýüzlendim. Olardaky suratlaryň hersiniň aşagynda biri-birinden ajaýyp ýazgylar bardy. Ynha, bu gutlagnamadaky suratda bolsa ýylgyryp biri-birine seredip duran iki sany ýaş çatynja, ellerinde bolsa eýjejik çaga bardy. Bu suratyň aşagyndaky ýazgy mende aýratyn täsir galdyrdy. «Maşgala — bu söýmek we söýülmekdir. Hää... Men gözleýän zadymdan bir uç tapaýdym öýdýän» diýen netijä geldim.

Çaga — durmuşyň güli

Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde berkarar Diýarymyzda ençeme döwrebap çagalar baglary, orta we ýörite orta, ýokary okuw mekdepleri, kitaphanalar guruldy, olaryň ählisi hem kämil tehniki enjamlar, kompýuterler we kitaplardyr gollanmalar bilen üpjün edildi. Ýurdumyzda ýaşlar baradaky alada mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlanýar. Çagalar bagyna gatnaýan körpelere türkmen dilinde okamagy we ýazmagy öwretmek bilen bir hatarda, iňlis hem-de rus dilleri öwredilýär. Çagalaryň aňyny has-da kämilleşdirmek üçin çagalar baglarynda geçilýän sapaklarda guralýan dürli oýunlaryň ähmiýeti örän ýokarydyr. Çünki guralýan her bir oýnuň aňyrsynda düýpli maksat dur. Bu oýunlar çagalarda önümleriň we beýleki zatlaryň atlaryny dogry kesgitlemäge, sanlary öwrenmäge, geometrik şekilleri oňat özleşdirmäge höwes döredýär. Kämil düşünjeli nesli kemala getirmekde çagalar edaralarynyň işgärleriniň, ata-eneleriň öňünde aýratyn möhüm wezipeler durýar. Çagalara asylly terbiýe bermek işi, esasan, başlangyç bilim edaralaryndan, ata-eneden başlanýar. Halkymyzda «Çaga edep görmese, edep görkezmez» diýlen pähim bar. Şonuň üçin her bir guralýan sapagyň, oýnuň täsirli bolmagynyň ähmiýeti uludyr. Çagalar bu täsirli sapaklaryň, oýunlaryň

Öý bikesi öwrense...

Bally köke Gerekli önümler: 2 ýumurtga, 130 g şeker, 2 nahar çemçe bal, 0,5 çaý çemçe gabartma tozy, 1 nahar çemçe korissa (dalçyn), 1,5 bulgur un.

Mähir bilen ezizlänim

Mährem käbelerimiz hakynda ýazylan eserleri okadygyňça, heýkeldir çekilen suratlara syn etdigiňçe kalbyňa nur çaýylýar. Käbelerimiziň söýgüsi, mähri, hamraklygy, bala-çagasyna berýän asylly edep-terbiýesi, göreldesi, ýakymly hüwdüleri mydama-da wasp edilip, aňymyzda müdimilik orun aldy. Çünki her bir ynsanyň söýegi enedir. Käbelerimiziň nurana keşbi hakydalarymyzdan hiç haçan öçmeýär. Olaryň mährini, söýgüsini hiç zat bilen çalşyryp bolmaýar. Enäniň keşbi biziň hakydamyzda nurly kuýaş deýin şöhlesini saçyp, iň ýakymly ýatlamalary peşgeş berýär, egsilmejek söýgüsi bilen kalplarymyzy seýikleýär. Öýe gelenimizde käbämiziň ýeke sözi, mähirli ýylgyryşy, gujak açyp garşylaýşy bizi bagtyň röwşen ýollaryna atarýar. Ene söýgüsi perzendiniň bütin ömrüne gorag tumarydyr. Enäniň her bir sözi alkyş, päk arzuwlardyr, her jümlesi perzendiniň sag-salamat bolmagydyr. Enäniň hüwdüsi körpesiniň rahatlygydyr, şirin mukamdyr, ýagty umytlardyr. Köňüllere aramlyk çaýýan, durmuş atly ömür ýoluňda ajap owazy bilen dünýäňi bezeýän hüwdüleriň, enäniň mähir doly aýdymlarynyň ornuny hiç bir aýdym tutmaz. Hüwdi edil ene söýgüsi ýaly ömrüňe pena bolup, onuň owazy gulaklarda owadan labzy bilen ýaňlanyp durýar. Hakydadan köp zat öçýär, ýatdan köp zat

Ýürege siňen öwütler

Ömre ajap aýdym bolup siňen ýaşlyk ýyllarymyň ýatlamalaryna berlenimde, ejem janyň öwütleri ýadyma düşýär. Maşgalada ýeke gyz perzent bolanymdanmy, nämemi, ejem köp babatda meniň bilen maslahatlaşardy. Öýde toý-märeke etsek, ejem janyň ilkinji maslahatçysy mendim. Goňşy-golamyň toý-märekesine gitmekçi bolup, saçak taýýarlamaly bolanda-da, ejem jan meniň bilen maslahat ederdi. Şonuň üçin toý däp-dessurlarynyň ähli düzgünlerini diýen ýaly bilýärdim. Gaýynenemem muny duýan bolmaly. Gelen günümden kän wagt geçmänkä ýüwürjimi öýlendirdik. Şonda gaýynenem toýuň ähli däp-dessurynda meni ýanyndan goýmandy. Bir gezek ol goňşy ýaşaýan, köçämizde sylag-hormatly enäniň ýanynda: — Tüweleme, ejesi gelnimi durmuşa tap-taýýar edip goýberipdir. Käşgä hemme eneler şeýle bolaýsa — diýende, garry ene şu tymsaly gürrüň beripdi: Heniz toýluka çagasyna özüçe terbiýe berip başlaýan bir hamrak ene nusgawy sazlary ürç edip diňleýän eken. Özem diňe gowy zatlaryň pikirini edýän eken. Iýmit meselesinde-de tebigy tagamlary ilkinji orunda goýýan eken. Çaga doglansoň, onuň terbiýesi babatda enäniň aladasy iki esse artypdyr. Ene heniz sallançakda meýmiräp ýatan eziz balasyny mylaýym owazy bilen hüwdüläpdir. Ýaňy dil çykaryp başlandan gowulyklary ündäp, töwerek-daşyn

Döwrüň wajyp meselesine bagyşlanýar

Şu günler etrap zenanlar guramasy bilen edara-guramalarda, raýatlar toparlarynyň arasynda bolup, maşgala abadançylygyny berkitmeklige bagyşlanan wagyz-nesihat çärelerini, duşuşyklary geçirmeklige giň gerim berýäris. Jemgyýetde asudalygy we bagtyýarlygy üpjün etmäge bagyşlanýan şeýle ähmiýetli çärelere kümüş saçly enelerimiz we döwrümiziň bagtyýar zenanlary, okuwçy gyzlar gatnaşýarlar. Wagyz-nesihat çärelerinde jemgyýetde maşgala gatnaşyklaryny berkitmeklige, sagdynlyk ýörelgelerine eýermeklige, çaga terbiýesiniň ähmiýetine gönükdirilýän çykyşlara giň orun berilýär. Şeýle hem bagtyýar zamanamyzda raýat jemgyýetini berkarar ekmek, gender deňligini saklamak, ýaş we köp çagaly maşgalalara durmuş goldawyny bermek, zenanlara durmuş ýeňilliklerini döretmek boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda buýsançly çykyşlar diňlenilýär. Mährem enelerimiz öz çykyşlarynda Watana, il-güne we maşgala ojagyna wepaly nesilleriň kemala gelmeginde zenanlara aýratyn ornuň degişlidigini nygtaýarlar.

Çaga eziz, edebi ondan hem...

Halk arasynda aýdylýan şeýle bir pähim bar: «Bir ýyl öňüňi görjek bolsaň, däne ýetişdir. On ýyl öňüňi görjek bolsaň, bag ýetişdir. Ýüz ýyl öňüňi görjek bolsaň, terbiýeli nesil ýetişdir».Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndan. Eje bolmak, çagajyklaryň sag-salamatlygyna guwanmak dünýädäki iň eziz, iň süýji, bagtly, ýakymly duýgy bolsa gerek.

Mata bölejiklerinden balyjaklar

Mähriban jigiler, öz ellerimiz bilen dürli görnüşli mata bölejiklerinden balyjak şekilli oýunjaklary, sowgatlyklary tikmegi öwreneliň! Gerekli esbaplar:

Gar adam şekilli süýjülik

Eziz çagalar, siz daşarda gar ýaganda gar adamyň şekilini ýasaýansyňyz. Onuň şekilini diňe bir gardan däl, eýsem, öýde kiçijek görnüşini iýmit önümlerinden hem ýasap bolýar. Biz žurnalymyzyň şu sanynda ýaş aşpezlerimiz — siziň üçin gar adam şekilli süýjüligiň taýýarlanylyşyny öwretmekçi. Gerekli önümler:

Mähirli dünýä

Bizi mähir, mähremlik özüne çekýär. «Mähremlik» diýlende, ilki bilen, bizi hossarlyk mähri bilen çoýup, uly durmuşa ak pata beren ezizlerimiziň atlary dilimizde sena bolýar. Olar, ilki bilen, eje, ene, mama, uýa, aýal dogan, gelneje, daýza, ejeke... diýýän mähribanlarymyzdyr. Olar, misli, mähir melekleri ýaly, bizi göze görünmeýän näzik alada parçalary bilen gundap, ýüregimiziň, kalbymyzyň süýt ýaly ak, halal bolmagy ugrunda ellerinden gelenini aýaman, baryny bagyşlap ulaldýan dözmezlerimizdir. Türkmençilikde gyz çaga dünýä inende, ene-ata «Ýaşy uzak bolsun, baýapsyňyz!» diýilýär. Bu ýerde gyz dünýä inen öýüň ruhy taýdan baýamagy göz öňünde tutulýan bolsa gerek. Sebäbi gyz perzende bolan üýtgeşik näziklik türkmeniň ganynda bar. «Gyz göwni näzikdir, dutaryň tary», «Degmäň gyzyň göwnüne, myhmandyr, gonar gider» diýip, aýdym edip aýdýan halkymyz gyz balasyny «Göwün hoşum» diýip söýgüleýär. Bagşylaryň dilinden «Aýsoltan diýen uýam bardyr» diýip, ýat ýurtda gapyllykda horluga düşen Bezirgeniň uýasyny ýat edip aýdan zaryn aýdymyny ýa-da Magtymguly Pyragynyň: «Zübeýda, naçarym, diňle» diýip, iň pynhan syryny eziz uýasyna aýdyşyny diňlänimizde, bütin durkumyz, ýüregimiz lerzana bolýar. Gyz dogan, naçar dogan dözmeziň, dönmeziň bolup, ykba

Enelik bagtyýarlykdyr

Golaýda «Ahal durmuşy» welaýat gazetinde: «Baky bahar-ýazly bagtly zamana, döwür, döwlet sarpa goýýar zenana» atly döredijilik bäsleşiginiň yglan edilendigini görüp, ady kalbyma ornan bu bäsleşige öz enelik duýgularym hakynda ýazmagy maksat edindim. «Eje» diýlen mähriban söze eýe bolanyňdan soň, bu ada mynasyp bolmak üçin yhlas etmeli. Aslynda, eneler çagalarynyň edep-terbiýesiniň gözbaşynda durýan gönezlikdir. Şonuň üçin hem turuwbaşdan olaryň sagdyn bedenli, sagdyn düşünjeli, edepli, ekramly, ylym-bilimli, ilhalar bolmagyny gazanmak biz — enelere bagly.

Wagyz-nesihat dusuşygy geçirildi

Halaç etrap häkimliginiň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň guramagy bilen etrabyň iri edara-kärhanalarynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda «Maşgalam — baş galam» diýen mowzukda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa sekiz we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren we Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan mährem eneler, köp ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly zähmeti üçin döwlet sylaglaryna eýe bolan zenanlar gatnaşdylar. Olar hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda zenanlaryň jemgyýetdäki tutýan ornuny has-da beýgeltmek, maşgala abadançylygyny pugtalandyrmak, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, durmuşyň dürli ugurlary boýunça zenanlaryň tekliplerini öwrenmek we goldamak ugrunda alnyp barylýan işleriň oňyn netijesi barada giňişleýin gürrüň etdiler. Kümüş saçly eneleriň hem-de ilkinji zenanlar guramasynyň agzalarynyň maşgala abadançylygyny goramakda, öý-ojagy abat saklamakda, ýaş nesli mynasyp terbiýelemekde zenan maşgalalara aýratyn möhüm ornuň degişlidigi barada eden söhbedi duşuşyga gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar türkmen maşgalalaryny bolelin we agzybir durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna