Gyz ýüregi ynjamasyn

13 Fewral 2024
689

Gyz maşgalanyň atasy öýüne myhmandygy ýadyma düşende, näme üçindir, tolgunýaryn. Şol pursat enemden eşiden bir rowaýatym ýadyma düşýär. Onda aýdylyşyna görä, bir ýagşyzadanyň üç ogly, bir gyzy bolanmyş. Ýagşyzada her gün agşam üç ogluny arka tarapynda ýatyryp, ýüzüni ýalňyz gyzyna seredip uka gider eken. Gyzy dünýä inen gününden başlap gaýtalanyp duran bu hereketi geň gören ýagşyzadanyň aýaly bir gün ondan bu närsäniň sebäbini sorapdyr. Şonda ol: «Ogul—özümiňki, naçar gyzym bolsa —il maşgalasy. Onuň näzik göwnüni ynjytmak bolmaz» diýip jogap beripdir. Adamsyndan göwnejaý jogap alan ene şol günden soň gyzyna has-da mähirli garap, ony aýratyn üns-alada bilen gurşapdyr.

Ykbal maňa gyzly bolmak bagtyny eçilmedik hem bolsa, bu gün gelinlerim gözüme gyzlarym bolup görünýär. Ilkinji agtyjagymyň gyz bolmagyny dilän günüm hem dileglerim Arşyň dergähinde kabul bolupdy. Ejem jan hemişe meniň aladamy edip: «Gyzy ýoguň gyýmazy ýok, balam, seniň hem gyzyň bolaýsa bolmaýarmydy?!» diýip, meniň gelejekki ykbalymy özüçe ünji edinerdi. Men şonda: «Alada galma käbäm, gelin geler, gyz bolar» diýip ejemi köşeşdirerdim. Käýarym ilçilikde agtygyma dakan adymy geň görüp sowal berýärler. Men şonda ilkinji agtyga: «Aý gördüm — agtyk» diýilýändigini, öz gyzymyň ýoklugy üçin üstüme: «Saýa» bolsun diýen ýagşy niýet bilen oňa: «Aýsaýa» diýip at goýandygymy düşündirýärin. Bu gün sähel başym agyryp, baldyrym syzlasa başymy sypap oturýan şojagaz gyzym mähir ojagy mysaly öýümize nur çaýyp ýör. Şonuň üçin hem gelinlerim hamyladar bolsalar tä ynjalyp, öýe bäbekli dolanýançalar mende ynjalykdan nam-nyşan galanok. Dowamyma dowam berýän ýaýrawlaryma guwanjymyň çägi ýok. Goý, olar il-güne ýaramly, il alkyşyny alýan adamlar bolsunlar! Eneler üçin şondan uly bagt ýok ahyryn.

Dürnabat AŞYROWA,
«Ahal durmuşy».
Beýleki habarlar