Ýürege siňen öwütler

19 Ýanwar 2024
749

Ömre ajap aýdym bolup siňen ýaşlyk ýyllarymyň ýatlamalaryna berlenimde, ejem janyň öwütleri ýadyma düşýär. Maşgalada ýeke gyz perzent bolanymdanmy, nämemi, ejem köp babatda meniň bilen maslahatlaşardy. Öýde toý-märeke etsek, ejem janyň ilkinji maslahatçysy mendim. Goňşy-golamyň toý-märekesine gitmekçi bolup, saçak taýýarlamaly bolanda-da, ejem jan meniň bilen maslahat ederdi. Şonuň üçin toý däp-dessurlarynyň ähli düzgünlerini diýen ýaly bilýärdim. Gaýynenemem muny duýan bolmaly. Gelen günümden kän wagt geçmänkä ýüwürjimi öýlendirdik. Şonda gaýynenem toýuň ähli däp-dessurynda meni ýanyndan goýmandy. Bir gezek ol goňşy ýaşaýan, köçämizde sylag-hormatly enäniň ýanynda:

— Tüweleme, ejesi gelnimi durmuşa tap-taýýar edip goýberipdir. Käşgä hemme eneler şeýle bolaýsa — diýende, garry ene şu tymsaly gürrüň beripdi: Heniz toýluka çagasyna özüçe terbiýe berip başlaýan bir hamrak ene nusgawy sazlary ürç edip diňleýän eken. Özem diňe gowy zatlaryň pikirini edýän eken. Iýmit meselesinde-de tebigy tagamlary ilkinji orunda goýýan eken. Çaga doglansoň, onuň terbiýesi babatda enäniň aladasy iki esse artypdyr. Ene heniz sallançakda meýmiräp ýatan eziz balasyny mylaýym owazy bilen hüwdüläpdir. Ýaňy dil çykaryp başlandan gowulyklary ündäp, töwerek-daşyny gurşap alan ynsanlara, gözel tebigata, haýwanat dünýäsine söýgini oýarýan ertekileri aýdyp beripdir. Çaga ulaldygysaýyn ejesiniň asylly hereketlerini gaýtalap, il-günüň derdine ýaraýan kemally perzent bolup ýetişipdir. Garry enäniň şonda: «Çaga terbiýäni heniz ejesiniň göwresindekä bermeli» diýip eşitmänmidiň?! Gyz perzendiň terbiýesi başgaça bolýar. Gyz maşgala görüm-göreldäni ilki ejesinden almalydyr. Ejesiniň öýünde tikin tikip, keşde gaýamagy, haly dokap, keçe basmagy, hamyr ýugrup, çörek bişirmegi, nahar taýýarlamagy öwrenen gyz durmuşda hiç wagt hem kösenmez» diýen sözleri häzirem ýadymda.

Ýazgül ANNAÝEWA,
žurnalist.
Beýleki habarlar