''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Mert ýigitler Watan üçin dogulýar

Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly ajaýyp kitabynda soltan Jelaleddin barada şeýle bellenilip geçilýär: «Gadymda bina edilen Horezm şalygynyň hökümdarlarynyň biri Jelaleddin soltanyň Çingiz hanyň baştutanlygyndaky rehimsiz söweşijilere nähili zarba urandygyny bilýänsiňiz. Bu halkymyzyň buýsançly taryhydyr». Ömrüniň ahyryna çenli belli serkerde, zamanasynyň beýik şahsyýeti bolan soltan Jelaleddiniň gahrymançylygy ölmez-ýitmezdir. Bu barada Muhammet an-Nesewiniň «Soltan Jelaleddiniň ömür beýany» atly eserinde beýan edilmegine görä, Jelaleddin kakasyndan şalyk mirasdüşerligi alandan soň, doganlary bilen bilelikde Ürgenje gelýär we atasynyň Ozlag şanyň deregine tagtyny harby ukyplary üçin özüne berendigini jar etdirýär. Emma muňa Türkan hatynyň Ürgenji tabşyran gypjak serkerdeleri razy bolmandyrlar we basym öz taraplaryna Ozlag şany hem geçiripdirler. Olar täze yglan edilen kararyň garşysyna her hili pitne turzupdyrlar. Bu ýagdaýda şäheri gorap bilmejegini bilen Jelaleddin kiçiräk goşun bilen gizlinlikde şäherden çykyp gidýär. Ol göni Horasana barýar. Biraz wagtdan soň Ozlag şa hem Ürgençden gidýär. Netijede, Ürgenç şäheri gypjak serkerdeleriniň elinde galýar. Çingiz han 1221-nji ýylda Tili (Käbir çeşmelerde Tuly) hana Merwe ýöriş etmegi tab

Adalatyň baýdagy: Beýik Osman döwleti

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly kitabynda: «Ata-babalarymyzyň döreden beýik ýaşaýyş medeniýetleri, guran beýik döwletleri adamzadyň taryhynda lowurdap durandyr. Ol döwletler ylym, ýol-ýörelge, adalat baýdagy bolup pasyrdapdyr. Biz — bu günki türkmenler, geçmişimizi çuňňur öwrenmek bilen, gadymy oguz türkmen döwletiniň, Parfiýa döwletiniň, seljuk türkmenleriniň döreden onlarça döwletleriniň, osman türkmenleriniň soltanlyklarynyň, beýleki türkmen döwletleriniň şöhratyna buýsanyp bileris» diýip ýazýar. Bu ajaýyp sözler Beýik Osman döwleti babatdaky şirin söhbete-de ýol açýar. Üç yklymyň döwleti ady bilen taryha giren Osman türkmenleriniň döwleti oguz türkmenleriniň gaýy taýpasyndan bolan edermen serkerde Ärtogrul Gazynyň ogly Osman Gazy tarapyndan Kiçi Aziýadaky 30-dan gowrak türkmen beglikleriniň birleşdirilmegi, netijede merkezleşen bitewi döwletiň döredilmegi bilen 1299-njy ýylda esaslandyrylýar.

Asyr­la­ry aşan dost­luk

Türk­men-hy­taý gat­na­şyk­la­ry öz göz­ba­şy­ny ga­dym­dan alyp gaýd­ýar. Bu gat­na­şyk­la­ryň ta­ry­hy asyr­la­ryň do­wa­myn­da hat-ýa­zu­wyň üs­ti bi­len bi­ziň gün­le­ri­mi­ze ge­lip­ ýetipdir. Türk­men ta­ry­hyn­da Hy­taý «Çyn-Ma­çyn» ýa-da «Çyn» ady bi­len meş­hur­dyr. Hy­taý özü­niň aý­ra­tyn­lyk­la­ry hem-de gö­zel te­bi­ga­ty bi­len köp san­ly şa­hyr­lar­dyr alym­la­ry, ja­han­keş­de­ler­dir sy­ýa­hat­çy­la­ry özü­ne çe­kip­dir. Türk­me­niň be­ýik nus­ga­wy şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy hem Hy­ta­ýa ba­ryp gör­me­gi ar­zuw­lap: «Gö­wün is­tär, gez­sem Çyn-Ma­çyn, Hy­rat» di­ýip ýa­zyp­dyr. Hä­zir­ki aja­ýyp za­ma­na­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry bi­len, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, türk­me­niň şöh­rat­ly ta­ry­hy çuň­ňur öw­re­nil­ýär. Şun­da asyr­la­ryň do­wa­myn­da dün­ýä ýaň sa­lan Be­ýik Ýü­pek ýo­ly ar­ka­ly türk­men-hy­taý gat­na­şyk­la­ry­nyň iki hal­kyň ösüş­le­ri­niň, dost­lu­gy­nyň ber­ke­me­gin­de uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lan­dy­gy­na aý­dyň göz ýe­tir­ýär­siň.

Şöhratly taryhymyza buýsanç

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen asyrlardan gözbaşly milli mirasymyzy, edebi baýlyklarymyzy toplamak, ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryny häzirki döwrüň ösüşinde özgertmek barada uly tagallalar edilýär. Ylmy, bilimi, edebi mirasymyzy ösdürmekde aýratyn hyzmatlary bitiren taryhy şahsyýetlerimiziň ömür we döredijilik ýoluny öwrenmekde, olaryň umumadamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrmakdaky bitiren işlerini dünýä ýaýmaga täze ugur alyndy. Lukmançylykda, edebiýat meýdanynda, ylmyň dürli ugurlarynda taýsyz hyzmatlary bitirip, dünýä meşhur bolan şahsyýetlerimiziň biri Abu Aly ibn Sinadyr. Bu ylym ägirdiniň ady adamzat jemgyýetiniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylandyr. Günbatar yklymynda onuň ady Awisennadyr. Ol örän görnükli filosof hem-de lukmandyr. Ýönekeýleşdirip aýtsak, Ibn Sina dünýäniň halklarynyň saglygyny goraýjy ägirdi, belli tebip hasaplanýar. Bu alym döredijilikli zähmeti, lukmançylyk hyzmaty bilen il-gününe özüni tanadandyr.

Ilkinji sagatlar

Gadymy döwürlerde wagt birligi Gün sagady arkaly ölçenilipdir. Olaryň ýasalyşy ýönekeý bolup, adamlar tekiz ýere gazyk dikipdirler. Onuň daşyna sanlar ýazypdyrlar. Gazygyň kölegesiniň üýtgemegi bilen wagt ölçenipdir. Howa bulutly bolanda ýa-da Gün ýaşanda sagady ulanyp bolmandyr. Soňra wagtyň geçmegi hem-de adamlaryň dünýägaraýyşlarynyň ösmegi bilen suw sagatlary döräpdir. Bir gapdan beýleki gaba suw damdyrylyp, suwuň ýüzündäki görkezijiler boýunça wagty hasaplapdyrlar. Gum sagatlary bolsa bir gapdan beýleki aýna gaba çäge dökülip hasaplanypdyr. Ilkinji mehaniki sagatlarda ýeke dil, ýagny diňe sagadyň wagtyny görkezýän dil bolupdyr. şäheriň iň görnükli ýerinde goýmak üçin döredilen sagat ilkinji gezek 1404-nji ýylda Moskwada — Borowisk baýryndaky dworýan köşgünde goýlupdyr. Jübi sagatlary, takmynan, 1500-nji ýyllarda Ýewropada peýda bolýar. Ilkinji maýatnikli sagat 1657-nji ýylda Gollandiýada ýasalypdyr. Häzirki wagtda ylmyň, tehnikanyň, elektron we nanotehnologiýanyň ösmegi bilen, kämilleşdirilen smart sagatlar giňden ulanylýar.

Änew me­de­ni­ýe­ti: taryhyň kämil eseri

G.Nuryýew,«Seýitjemaleddin», 1998 ý. Türk­me­nis­ta­nyň ga­dy­my Änew şä­he­ri­ 2024-nji ýyl üçin Tür­ki dün­ýä­niň me­de­ni paý­tag­ty de­re­je­si­ne eýe bol­dy. Bu ba­ra­da­ky de­giş­li ka­rar TÜRK­SOÝ gu­ra­ma­sy­nyň me­de­ni­ýet mi­nistr­le­ri­niň he­mi­şe­lik ge­ňe­şi­niň 39-njy mej­li­sin­de ka­bul edil­di.

Gadymy Merwiň ylmy hazynalary

Türkmen topragynyň taryhynyň alyslara uzap gidişi ýaly, onuň kitaphanalarynyň döreýşiniň hem heňňamlara uzaýandygy mälimdir. Şolaryň hatarynda gadymyýetde özüniň baý taryhy bilen äleme ýaň salan Merwiň kitaphanalarynyň at-owazasy bütin dünýä ýüzüne ýaýrapdyr. Kitaphana — şahyrlaryň, ýazyjylaryň, edebiýatçydyr taryhçylaryň, syýahatçylaryň köňül kelamy bolan hazynalaryň saklanýan ýeri. Eýýamlaryň gatlaryndan dürli-dürli taryhy wakalary öz goýnuna siňdiren mirashana. Ynsanyýetiň aň-düşünjesiniň häzirki ösen derejesine çenli ýol-çelgi bolan ugur görkeziji. Oňa häzirki ylmy asyryň döremeginiň hem sebäpkäri diýsek ýalňyşmarys. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Gadymy Merwiň birnäçe kitaphanalarynyň ady taryhy çeşmelerde gabat gelýär. Olaryň arasynda has ähmiýetlileri hökmünde Aziziýýe medresesiniň kitaphanasy, 12000 sany kitap gory bolan Kemaliýýe medresesiniň kitaphanasy, Mejdülmülk kitaphanasy, Nyzamylmülk kitaphanasy, Hatuniýýe kitaphanasy (Seljuk soltanlaryndan biriniň aýallaryna gurduran kitaphanasy), Tekiýýet az-Zamiriýýe kitaphanasy, Samanylaryň nebere kitaphanasy ýaly kitaphanalary görkezmek bolar. Her kitaphananyň özünde ýörite medreseleriň bolmagy kitaphana bilen ylym-bilim ojaklarynyň baglanyşyklydygy

Beýik türkmen soltany Mahmyt Gaznalynyň iň meşhur ýörişi

Gaznaly Türkmen döwletiniň (963 — 1186) beýik hökümdary Soltan Mahmyt Gaznaly 970-nji ýylyň 14-nji noýabrynda doglupdyr. Mahmyt Gaznaly 998 — 1030-njy ýyllarda Gaznaly Türkmen döwletiniň hökümdary bolupdyr. Onuň doly ady Ýemineddöwle we Eminelmille Kähfelislam we Nyzameddöwle Abylkasym Gazy Mahmyt bin Söbüktegindir. Apbasy Halyfy Kadyr billäh 999-njy ýylda Samany döwletiniň ýykylmagy mynasybetli Soltan Mahmyt Gaznala halat, täç, yslam baýdagyny iberipdir we täze hökümdara «Ýemineddöwle we Eminelmille» («Döwletiň sag goly we milletiň kasamy») diýen beýik dereje-lakamy dakypdyr. Bu lakam Mahmyt Gaznalynyň ýörgünli ady bolupdyr. Mahmyt Gaznaly «Soltan» derejesini alan ilkinji türkmen hökümdarydyr. X-XI asyrlaryň sepgidinde ýaşap geçen taryhçy alym Muhammet Utby «Soltan Mahmyt Gaznalynyň taryhy» atly eserinde soltanlygy şeýle beýan edipdir: «Soltan beýik Taňrynyň ýerdäki saýasydyr we ol Onuň halkyna bellän wekilidir. Ol Taňrynyň hakynyň berjaý edilmegine ýardam beriji ynamdar adamsydyr».

Türkmen arheologiýasynyň üstünlikleri

Döwlet Maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amal etmek üçin Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, öz döwründe hünärmentçiligiň, söwdanyň, ylmyň we medeniýetiň ösen merkezleri bolan Lebap welaýatynyň çägindäki Amul galasynda, Mary welaýatynyň çägindäki Abdyllahan galasynda, Uly Gyzgalasynda, Dandanakan (Daşrabat) galasynda, Ahal welaýatynyň çägindäki Abiwerd galasynda, Paryzdepede, Şähryslamda, Balkan welaýatyndaky Dehistan ýadygärlikler toplumynda, Daşoguz welaýatyndaky Köneürgenç ýadygärlikler toplumyna degişli Kerwensaraýda we beýleki ýadygärliklerde giň möçberli arheologik gazuw-barlag işleri alnyp baryldy. Paryzdepede geçirilen barlaglar bu ýerde ilkinji oturymly mekanyň Änew medeniýeti döwründe ýüze çykandygyny, irki demir asyry zamanynda bolsa onuň Günorta Türkmenistanyň Köpetdagyň etegi zolagyndaky iri ykdysady we medeni merkezleriň birine öwrülendigini görkezdi. Orta asyr Abiwerd galasynda geçirilen arheologik gazuw-barlag işleri Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň orta asyr şäherleriniň ösüş yzygiderliligini, ykdysady we medeni durmuşyny öwrenmek üçin möhüm ähmiýete eýe bolan maglumatlary berdi. Bu ýerde Türkmenistanda ilkinji gezek magdan eredip, demir öndürilýän küräniň üsti açyldy. Has çylşyrymly tehnologiýany we t

Mähriban şäher, gahryman şäher

Alym Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserinde: «Hakyda — milletiň baýlygy. Ol nesilleri birleşdirýär. Biz geçmişi hormatlap, geljege ýol açýarys. Pederlerimizi hormatlap, nesillere görelde bolýarys. Munuň özi türkmen we arap halklarynyň asylly ýörelgesidir. Hormatly doganlarymyzyň hatyrasyny tutup, namaz okamak, olaryň ruhuna ýagşy doga‑dilegler etmek hem parz, hem mertebedir» diýip, juda paýhasly nygtamak bilen, nesillere hatyra edebiniň hormat ýoluny görkezýär. Şu gün, durmuşyň ähli ugurlarynda beýik ösüşleri gazanýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary, söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar hormat bilen hatyralanýar.

Taryhyň täsinlikleri

● Ýer ýüzünde ilkinji pul biziň eýýamymyzdan öňki 970-nji ýylda hytaýlylar tarapyndan ýasalypdyr. Ilkinji banknoty bolsa, 1661-nji ýylda şweýsariýalylar çykarypdyr. ● Rim imperatory Sezar döwletiň ösmeginde ilatyň paýyna uly ähmiýet beripdir. Şonuň üçin hem ol köp çagaly maşgalalara artykmaç hukuklar berip, tersine, az çagalylary käbir hukuklardan mahrum edipdir.

Türkmen arheologiýasynyň üstünlikleri

Türkmen halky Diýarymyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlygyň 32 ýyllygyny dabaraly bellemäge taýýarlyk görýär. Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soň, geçen örän gysga taryhy döwrüň içinde Gahryman Arkadagymyzyň we ata ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda mähriban Watanymyzyň döwlet durmuşynyň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanyldy. Bedew bady bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda asyrlara barabar işler bitirilip, üçünji müňýyllykda türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak uly özgertmeler amala aşyryldy. Şol sanda ylym ulgamynda hem uly öňegidişlikler gazanyldy. Watanymyzyň şöhratly taryhyny çuňňur we dogruçyl öwrenmek, örän baý milli medeni mirasymyzy aýawly saklamak hem-de wagyz etmek barada giň möçberli işler amala aşyryldy. Geçmişiň dürli döwürlerinde türkmenleriň guran beýik binalarynyň, desgalarynyň, döreden siwilizasiýalarynyň hakyky şaýady bolan arheologik ýadygärliklerimizi öwrenmek we gazanylan ylmy netijeleri dünýä ýaýmak babatynda düýpli işler amal edildi.

Biziň taryhymyz

Beýik türkmen küştçüsi Türkmen halkynyň taryhynda yz goýan şahslar köp. Olaryň biri hem IX-X asyrlarda ýaşap geçen meşhur türkmen küştçüsi, as-Suly ady bilen tanalýan Abu Bakr Muhammet ben Ýahýa as-Sulydyr. Ol Balkan sebitinde ýaşan türkmenleriň sul taýpasyndan bolupdyr. As-Sulynyň neberesi Gürgende ýaşapdyr. Onuň garry atasy türkmenleriň belli häkimi, kakasynyň agasy Ybragym ibn al-Apbas as-Suly bolsa tanymal şahyr bolupdyr.

Taryhy taryply toprak

Gözel görnüşlerden gözlerimi nurlandyrmak üçin eýýäm, gör, näçenji gezek bu şähere seýran edýärin. Ak arzuwlara meňzeş şähere äden ilkinji ädimleriňden Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndaky setirler seriňe gelýär: «Adam ömrüniň her bir gününi manyly etmäge çalyşýar. Manyly ýaşalan ýyllaryny hakydasynda saklaýar. Manyly ýaşaýan adamlary özüne görelde edinýär. Her bir şahsyýetiň ömür pursatlarynda onuň manyly, öwrenilmeli taraplary hem bardyr. Çyndan pikir etseň, manyny açmak adamyň özüne baglydyr. Durmuşy gowulandyrýan, ýaşaýşyň manysyny artdyrýan hem adamlardyr. Şeýle adamlar durmuşda dogry ýoly saýlap, halallykda, her bir zatdan göwnaçyklyk bilen oňyn netije çykaryp ýaşaýarlar». Gyzyldan gymmatly bu setirleriň manysyny şäherdäki edara binalaryna we köçelere dakylan atlaryň her biri bilen baglanyşdyrmak mümkin. Çünki bu şäher ‒‒ türkmen hakydasynyň beýany bolan ajaýyp eser.

Amul galasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde halkymyzyň müňýyllyklara uzap gidýän şöhratly taryhy ylmy esasda öwrenilýär. Biziň welaýatymyzda-da bu iş düýpli alnyp barylýar. Gadymy galalarda, desgalarda geçirilýän ylmy-barlag işleriniň netijesinde gymmatly tapyndylaryň üsti açylýar. Taryhçylarda, arheologlarda uly gyzyklanma döredýän gadymy desgalaryň biri-de Amul galasydyr. Öz döwründe harby-goranyş berkitmesi hökmünde ulanylan bu galanyň ilki ady Amuýe, soň Amul bolupdyr. Ol Türkmenabat şäheriniň günorta künjeginde ýerleşýär. Alymlar «Amul» sözüni «Amurd» ýa-da «Amard» diýen taýpa adynyň üýtgän görnüşi diýip hasap edýärler. Häzirki Eýranyň Mazenderan welaýatynda irki döwürlerde Amul atly iri şäheriň bolandygy taryhdan mälim. Akademik A.Bartold «Amul» we «Amy» sözlerini kökdeş hasaplap, olaryň döremegini arap basybalyjylaryndan has irki döwür hasaplaýar. Syýahatçy A.Wamberi bolsa «Amul» sözüni türki söz hasaplap, onuň «derýa» manysynda ulanylandygyny belleýär. Amyderýanyň amatly geçelgesinde we söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşen Amul şäheri biziň eýýamymyzyň I-IV asyrlarynda Kuşan döwletiniň düzümine girýär. Şol wagtlarda Amulyň umumy tutýan meýdany 50 gektara baraba

Medreseler — bilim-terbiýe ojagy

Türkmenler müňýyllyklaryň dowamynda döreden medeniýetini, däp-dessurlaryny, ýol-ýörelgelerini, urp-adatlaryny aýap, gorap, şu güne ýetiren halkdyr. Ýurt Garaşsyzlygynynyň gazanylmagy bilen, halkymyzyň gadymy medeni, ruhy, çeper gymmatlyklaryna bolan sarpasy, gyzyklanmasy has-da artdy. Däp-dessurlarymyzyň birnäçesine täze öwüşgin berlip, olar gaýtadan dikeldilýär. Şu ýylyň 15-nji ýanwarynda Milli Liderimiz Arkadag şäherinde guruljak metjidiň ýerine gelip, gymmatly maslahatlaryny berende, metjidiň ýanynda sadaka jaýy bilen birlikde okuw medresesiniň hem gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Ata-babalarymyz medrese gurmak işine möhüm ähmiýet beripdirler. Bu iş metjit gurmak ýaly sogaply hasaplanypdyr. Geçmişde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde öz wagtynda uly şöhrat gazanan ençeme medreseleriň bolandygyny bilýäris. Olar, aýratyn-da, Lebap welaýatynda köp duş gelýär. Buharada okap, belli bir derejede dini bilim alandan soňra Buharaýy — şerifiň medrese açmaga rugsat berýän möhürli rugsatnamasy bilen öz obasyna dolanyp gelen halypalar az bolmandyr. Olar ýerli ilatyň kömegi bilen ululy-kiçili medreseleriň onlarçasyny gurupdyrlar. Olaryň käbiri hakynda söz açmagy makul bildik.

Syýagalamlaryň taryhyndan

Internet maglumatlaryna görä, Ýer ýüzünde 1 sekuntda ortaça 125 sany syýagalam satylýar. Eýsem, biz gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen syýagalamlar barada nämeleri bilýäris? Olaryň döreýşi, ilkinji gezek ulanylyşy, dürli görnüşleri ählimiz üçin gyzykly bolsa gerek. Syýagalamyň ilkinji çykan görnüşi ýazuw perleri hasaplanýar. Iňlis dilinde ulanylýan «pen» sözi hem guşuň peri diýmekligi aňladyp, ýazuw işinde adamlar, köplenç, gazyň perini ulanypdyrlar. 1944-nji ýylda bolsa žurnalist Laslo Biro şarjagazly syýagalamlary oýlap tapýar. 1945-nji ýylda Nýu-Ýork şäherinde şarjagazly syýagalamlaryň ilkinji tapgyry satuwa çykarylýar we şol günüň özünde 10 000 sany syýagalamyň her biri 12 dollardan satylýar. Bu baha şol wagtlar Amerikanyň ýokary derejeli işçileriniň bir günlik iş hakyna deň bolupdyr. Ýene-de bir täsin zatlaryň biri, şarjagazly syýagalamlaryň syýa guýulýan özeni ilki egrem-bugram şekilde bolupdyr. Bu bolsa oňa köp syýa guýmaga ýardam beripdir. Ýöne onuň öndüriliş tehnologiýasynyň kynlygy sebäpli, syýagalamlaryň özeni häzirki görnüşe getirilipdir. 

Şirin-şeker gawunlar

Türkmen gawunlarynyň şan-şöhraty barada dünýäniň jahankeşdeleri, taryhçylary gyzykly maglumatlary galdyrypdyrlar. Türkmenistanyň ekerançylygyny öwrenen alym N.I.Wawilow 1935-nji ýylda ýazan kitabynda «Türkmenistan dünýä gawunynyň Watanydyr» diýip belleýär. Merw we Horezm gawunlary arap halyflarynyň köşgüne daşy buz bilen gurşalan gurşun gaplarda eltilipdir. ХII asyrda ýaşap geçen fransuz syýahatçysy: «Men hiç ýerde şeýle datly tagam datmadym» diýse, şol asyrda ýaşan meşhur taryhçy Al-Makdisi: «Merwiň kösükli ösümliklerine hem-de gawunlaryna taý geljek zat ýokdur» diýipdir. Gawunlar hytaý imperatorynyň we beýleki şalaryň desterhanlaryny bezäpdir. Orta asyrda gawun-garpyz ekýän daýhanlar salgytdan boşadylypdyr. Ene topragymyzda daýhanlarymyzyň zähmeti bilen ýetişdirilýän gawunlar diňe bir süýjüligi bilen däl, eýsem dermanlyk häsiýeti bilen hem özüne çekýär. Meşhur Ibn Sina «Tebipçilik ylmynyň kanunlary» diýen kitabynda türkmen gawunlarynyň dürli kesellere dermandygyny aýdyp, olary öz tebipçilik işinde giňden ulanypdyr, çigidinden alnan ýag bilen gan damarlaryny arassalapdyr. Şeýle-de: «Gawun böwrekdäki we peşew haltadaky daşlara garşy ulanylanda, kiçi daşlary çykarmaga kömek edýär» diýip belläp geçýär.

Hojaidat galasynyň taryhyndan

Merkezi Aziýa ýurtlaryna degişli uly şäherler we galalar Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmek bilen, söwda gatnaşyklarynyň ýüze çykmagynda, senetçiligiň hem-de ösen medeniýetiň emele gelmeginde uly ähmiýete eýe bolupdyr. Gadymy döwürlerde we orta asyrlarda Amulyň, Merwiň, Sarahsyň, Abiwerdiň, Nusaýyň, Dehistanyň üsti bilen Hytaýdan Ýakyn Gündogara, Köneürgenjiň üsti bilen Orta Gündogar ýurtlaryndan Russiýa, Zemmden Hindistana çenli möhüm söwda ýollary geçipdir. Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugurlaryny üstünden geçirýändigi üçin geografik taýdan amatly ýagdaýa eýe bolupdyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda halkymyzyň baý taryhy, türkmen topragynyň gadymy döwürlerden bäri söwda ýollarynyň merkezinde ýerleşýändigi, şol döwrüň halkynyň hal-ýagdaýy, kerwenleriň düşleýän mekanlary bolan uly ilatly taryhy ýerleriň, şäherleriň, ululy-kiçili bazarlaryň we kerwensaraýlaryň gurluş aýratynlyklary giňişleýin açylyp görkezilýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzda geçirilýän ylmy-barlag, gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan dürli eýýamlara degişli tapyndylar, biziň günlerimize çenli gelip ýeten rowaýatlar hem şaýatlyk edýär.

Taryhda sardobalaryň orny

«7/24 tm» № 34 (169) 21.08.2023  Geç­miş­de türk­men top­ra­gyn­da ata-ba­ba­la­ry­myz ta­ra­pyn­dan çyl­şy­rym­ly suw gur­lu­şyk des­ga­la­ry­nyň we ul­gam­la­ry­nyň dür­li gör­nü­şi­ni dö­ret­mek­de baý ta­ry­hy tej­ri­be top­la­nyp­dyr.