Şirin-şeker gawunlar

23 Awgust 2023
955

Türkmen gawunlarynyň şan-şöhraty barada dünýäniň jahankeşdeleri, taryhçylary gyzykly maglumatlary galdyrypdyrlar. Türkmenistanyň ekerançylygyny öwrenen alym N.I.Wawilow 1935-nji ýylda ýazan kitabynda «Türkmenistan dünýä gawunynyň Watanydyr» diýip belleýär. Merw we Horezm gawunlary arap halyflarynyň köşgüne daşy buz bilen gurşalan gurşun gaplarda eltilipdir. ХII asyrda ýaşap geçen fransuz syýahatçysy: «Men hiç ýerde şeýle datly tagam datmadym» diýse, şol asyrda ýaşan meşhur taryhçy Al-Makdisi: «Merwiň kösükli ösümliklerine hem-de gawunlaryna taý geljek zat ýokdur» diýipdir. Gawunlar hytaý imperatorynyň we beýleki şalaryň desterhanlaryny bezäpdir. Orta asyrda gawun-garpyz ekýän daýhanlar salgytdan boşadylypdyr.

Ene topragymyzda daýhanlarymyzyň zähmeti bilen ýetişdirilýän gawunlar diňe bir süýjüligi bilen däl, eýsem dermanlyk häsiýeti bilen hem özüne çekýär. Meşhur Ibn Sina «Tebipçilik ylmynyň kanunlary» diýen kitabynda türkmen gawunlarynyň dürli kesellere dermandygyny aýdyp, olary öz tebipçilik işinde giňden ulanypdyr, çigidinden alnan ýag bilen gan damarlaryny arassalapdyr. Şeýle-de: «Gawun böwrekdäki we peşew haltadaky daşlara garşy ulanylanda, kiçi daşlary çykarmaga kömek edýär» diýip belläp geçýär.

Amanmyrat GULMYRADOW,
Şabat etrap Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar