''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Meş­hur päl­wan

2017-nji ýy­lyň 16-njy ap­re­lin­de Gök­de­pe et­ra­by­nyň Ahal ge­ňeş­li­gi­niň Til­ki oba­syn­da An­na­ne­pe­sow­la­ryň luk­man­lar ne­be­re­sin­den bo­lan Oraz­ne­pes aga­nyň kör­pe og­ly Dur­dy­ne­pe­siň dur­muş to­ýu­na gat­naş­mak mi­ýes­ser et­di. Toý da­ba­ra­sy­nyň do­wam edip du­ran pur­sa­dy uly gö­reş tu­tul­jak­dy­gy ha­bar be­ril­di. Mä­re­ke ýu­waş-ýu­waş­dan şol ýe­re ta­rap süýş­di. Gö­reş meý­dan­ça­sy­na çä­ge en­di­gan dü­şe­lip, onuň gap böw­rün­de toý eýe­si­niň päl­wan­la­ra ni­ýet­län mal­la­ryn­dan baş­ga-da, beý­le­ki baý­rak­lar mün­ber bo­lup dur­dy. Tiz wagt­dan tut­lu­şyk­la­ra emin­lik et­mek we­zi­pe­si­ni alyp bar­jak öz döw­rü­niň meş­hur päl­wan­la­ry­ny yg­lan edip baş­la­dy­lar. Il­ki öz gö­reş sun­ga­ty bi­len uly yz go­ýan Mu­ham­met­ber­di te­le­ke päl­wa­nyň ady ag­za­lyp, ol toý tut­lu­şyk­la­ry­nyň baş emi­ni bol­dy. Me­niň ony il­kin­ji ge­zek gör­şüm­di. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, ony syn­la­nyň­da uzyn boý­ly, bug­daý reňk ýa­şu­ly­nyň ýaş­lyk döw­rün­de päl­wan­çy­lyk bi­len meş­gul­la­nan­dy­gy­ny aň­mak bol­ýar­dy. ...1956-njy ýy­lyň 25-nji de­kab­ryn­da Gök­de­

Änewiň taryhy şahsyýetleri

­Gadymy Änew topragy ak bugdaýyň hem-de Änew medeniýetiniň Watany hökmünde diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, dünýäniň taryhyna girdi. Änew medeniýeti barada gürrüň edilende, bu toprakda doglup, önüp-ösen şahyrlaryň, bagşy-sazandalaryň poeziýada we aýdym-saz sungatynda öz yzlaryny goýandyklaryny bellemek gerek. XIX asyrda Änewde ýaşap geçen şahyrlar Dostmuhammediň, Durdy bagşynyň, Zahydynyň, Ysmaýylyň we Sahypjemalyň döredijiliklerinde Watan goragy, mertlik, agzybirlik, halallyk, söýgi we dost-doganlyk temalarynda döreden goşgulary biziň günlerimize gelip ýetipdir. Olaryň şygyrlarynyň aýratynlygy çeperçiliginiň, diliniň halka has ýakynlygyndadyr. Bu şahyrlaryň goşgularynda Watana, önüp-ösen topragyna söýgi, il-halkyň derdine ýaran, ýurt goragynda gaýa dek duran döwürdeşlerine buýsanç aýdyň görünýär. Olar öz döredijiliklerinde Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň watansöýüjilik, mertlik, agzybirlik, halallyk, söýgi we dost-doganlyk temalaryny ösdüripdirler. Olaryň birnäçesi häzirki döwürde hem bagşylaryň dillerinden düşmän, halk köpçüligi tarapyndan höwes bilen diňlenilýän aýdymlara öwrülipdir. XIX asyr türkmen şahyrlarynyň döredijiliklerinde bolşy ýaly, Änewde ýaşap geçen şahyrlar hem öz şygyrlarynda halkyň durmuşy, il-ýurt, Watany goramak bilen b

Änew — gadymy medeniýetiň ojagy

Owazy jahana dolan mekanda

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi türkmen medeniýetini dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýe bolan wakalaryň birine öwrüldi. Bu çözgüt türki dünýäsiniň 2022-nji ýylda medeni paýtagty bolan Bursa şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ-yň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisinde kabul edilipdi. Döwlet Baştutanymyzyň degişli Karary bilen tassyklanan Meýilnama laýyklykda, täze döwrüň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 26-njy martynda, ýagny şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda bu taryhy waka mynasybetli giň gerimli çärelere badalga berildi.

Şan-şöhratly şäher

Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň bu gadymy mekanda amerikan alymy Rafael Pampelli tarapyndan arheologiýa barlaglarynyň geçirilmeginiň 120 ýyl dolýan senesine gabat gelmeginde özboluşly many bar. Ekerançylyk medeniýetiniň ilkinji dörän we ösüp kemala gelen ýeri bolan gadymy toprak bu gün ýene-de dünýäniň üns merkezinde orun alýar. Änew medeniýetiniň öwrenilişiniň taryhyna nazar salsaň, gadymy medeni ojagyň bir ýarym asyr çemesi wagt bäri dünýä ylmy jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýändigini görmek bolýar. Häzirki Änew şäheriniň gündogarynda ýerleşýän gadymy ýadygärligiň demirgazyk we günorta depeleri diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýada ilkinji arheologik barlaglarynyň geçirilip başlanan we içgin öwrenilen ýerleriň biridir. Ol mis-daş asyry (eneolit döwri — b.e.öňki V-IV müňýyllyklar) üçin nusgalyk ýadygärlik hasaplanýar. Änewiň demirgazyk depesi, baryp, XIX asyryň ahyryndan bäri öwrenilip gelinýär. 1886-njy ýylda Zakaspiý ülkesiniň general-gubernatory A.W.Komarow şol depäni garym görnüşinde dikligine ikä bölýär. Esgerleriň kömegi bilen geçirilen gazuw işleri ylmy taýdan degerli netije bermese-de, A.W.Komarowyň 1

Medeni paýtagtyň gymmatlyklary

Seýit Jemaleddin ýadygärligi XV asyrda bina edilip, 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabryndaky aýylganç ýertitremede ýykylan Seýit Jemaleddin ýadygärligi monumental ymaratçylygyň ajaýyp nusgasydyr. Bu toplum metjidi, medresäni we şyh Jemaleddin diýen şahsyýetiň guburyny öz içine alýar. Metjidiň esasy girelgesiniň maňlaýynda haşamlanyp, arap hatynyň kufi elipbiýinde sünnälenip ýazylan ýazgyda beýan edilişine görä, «Gözellik öýüni» 1446 — 1457-nji ýyllar aralygynda Teýmiriň çowlugy, Horasanyň hökümdary Abul-Kasym Babyr gurdurypdyr.

GÖROGLY BEG

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). GÖROGLY BEG — türkmeniň milli ruhunyň V eýýamynyň üçünjisiniň ruhy ýolbaşçysy. Bu döwürde türkmen ruhy bürgüt bolup, kert-kert gaýalara çykdy. Şeýdip, türkmen ruhy beýiklik, howalalylyk häsiýetine eýe boldy. Howada, ýeriň ýüzünde öz awuny uçuryp, gaçyryp aldy. Şeýdip, hereketlilik, janlylyk häsiýetlerini aldy. Bu eýýamyň ruhunda daş ýarýan, dagy ýykýan gujur jemlendi. Ol diňe bir ýeriň ýüzünde haýdaman, eýsem, gögüň ýüzüne-de göterildi. Oguz hanyň harby-syýasy tizligi medeni-taryhy tizlige öwrüldi. Görogly taryhda ýol goýan, öz taglymatyny döreden ägirtleriň hatarynda goýulýar. Görogly bir ýa-da iki nesliň sygnany bolman, ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda ata-babalarymyzyň aňynda ymykly orun alan, ýalňyzlyk basanda, horluga, süteme sezewar bolnanda, ruhundan medet dilenilýän, milletiň ruhy ýolbaşçylarynyň biridir.

Alym­lar­ba­şy — Ibn Si­na

«7/24. tm» №13 (200), 25.03.2024 Ibn Si­na ha­kyn­da söz açy­lan­da, il­ki bi­len, Mä­ne ba­ba bi­len bag­ly ro­wa­ýat ýa­da düş­ýär. Onuň Mä­ne ba­ba bi­len örän ýa­kyn gat­na­şyk sak­lan­dy­gy ba­ra­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň jöw­her paý­ha­syn­dan dö­rän «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» at­ly ese­rin­de: «Mä­ne ba­ba köp ge­zip, dür­li şä­her­ler­de bo­lup, alym­lar, fi­lo­sof­lar bi­len du­şup­dyr, pi­kir al­şyp­dyr. Halk ha­ky­da­sy iki sa­ny us­sat — Mä­ne ba­ba, Ibn Si­na­nyň ara­syn­da­ky söh­be­ti ha­kyn­da ro­wa­ýa­ty şu gün­le­re ýe­tip­dir. Mä­ne ba­ba gep­le­şip otyr­ka­lar, kä­sä­ni ýo­ka­ry zyň­ýar, kä­se bol­sa ho­wa­da asy­ly­şyp dur­ýar. Mä­ne ba­ba myh­ma­ny­na:

Ilkinji bug gämisini kim gurdy?

«7/24. tm» №13 (200), 25.03.2024 Robert Fulton bug gämisiniň «atasy» hasaplanýar. Bug energiýasyny ulanmak bilen baglanyşykly gämi gurluşygyndaky özgeriş ygtybarly bug hereketlendirijileri gelmezinden has öň taýýarlanyp başlandy. Bu pikiri ilkinji gezek fransuz fizigi Deni Papen öňe sürdi. Ol XVII asyryň ahyrynda, Jeýms Watt tarapyndan döredilen bug hereketlendirijisiniň peýda bolmagyndan, takmynan, 90 ýyl ozal onuň nusgasyny synagdan geçirýär. 1707-nji ýylda Papen bug hereketlendirijisi we pürs tigirleri bolan gämini taslaýar, emma bu hakda hiç hili ygtybarly maglumat ýok diýen ýaly. Käbir maglumatlarda üstünlikli synagdan soň işsiz galmakdan gorkýan gaýykçylaryň ony döwendikleri barada aýdylýar.

Luw ýylynyň Nowruzy

Ýurdumyzda 1991-nji ýyldan bäri döwlet derejesinde bellenilip gelinýän Nowruz baýramynyň taryhy kökleri yslamdan has irki döwürlere uzalyp gidýär. «Täze gün» diýmegi aňladýan bu baýramyň döränine bäş müň ýyldan köpräk wagt bolandygy hakda ylmy çaklamalar bar. Nowruz baýramyna degişli ilkinji ýazgylar Omar Haýýamyň «Nowruznama» işinde berilýär. Omar Haýýam Mälikşanyň tabşyrygy boýunça Gün senenamasyny düzende, täze ýylyň başlangyjyna 21-nji marty esas edip alýar. Gün hasaby ekerançylara amatly bolýar. Şahyryň «Nowruznama» atly işinde köneden gelýän däp-dessurlar hakynda gürrüň berilýär.

OGUZ HAN TÜRKMEN

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). «Oguz­na­ma­lar­da» Oguz ha­nyň bo­ýun sun­ma­dyk gar­şy­daş­la­ry bi­len agyp-dö­nüp sö­weş edi­şi ba­ra­da bir­nä­çe my­sal­lar ge­ti­ril­ýär. Oguz han Al­ma­lyk şä­he­ri­niň tö­we­re­gi­niň hä­ki­mi Inal­ha­ny sy­lap goý­man­dyr. «...Iki ta­rap­dan hem köp ýit­gä se­ze­war bol­du­lar. Ahyrso­ňy, se­kiz gün ga­ty urşu­p, Oguz han Inal­ha­ny tu­tup öl­dür­di».

Ýag­şy at gal­dy­ran alym

«7/24. tm» №12 (199), 18.03.2024 Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ylym­la­ryň dür­li ugur­la­ryn­da yz gal­dy­ran alym­la­ryň mi­ras­la­ry­ny çuň­ňur öw­ren­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär.

Uzyn Hasan döwletiň özygtyýarlylygyny goran hökümdar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmen halky asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan bäş müň ýyllyk taryhynyň dowamynda, dürli sebäplere görä, dünýäniň çar künjegine ýaýrapdyr» diýip belleýşi ýaly, türkmen halky, esasan, orta asyrlarda häzirki Türkmenistanyň çäginiň daşyna ýaýrapdyr. Göçüp baran ýerlerinde beglikleri, döwletleri esaslandyrypdyr. Şeýle döwletleriň biri hem Akgoýunly türkmen döwletidir. Ol häzirki Türkiýe Respublikasynyň gündogaryny, Eýranyň demirgazyk-günbataryny, Yragyň demirgazyk-gündogaryny, Azerbaýjanyň we Ermenistanyň aglaba bölegini öz içine alypdyr. Akgoýunly döwletiniň ilkinji taryhy şahsyýeti Turaly beg hasaplanýar. Onuň agtygy Gara Ýülük Osman beg döwleti esaslandyryjydyr. Ol 1403-nji ýylda merkezi Diýarbekir şäheri bolan Akgoýunly döwletini gurupdyr. Onuň agtygy Uzyn Hasanyň (1453 — 1478) dolandyran döwründe bolsa, döwlet şadöwlet derejesine ýetip, paýtagt Töwriz şäherine geçirilipdir. Uzyn Hasan Akgoýunly döwletiniň özygtyýarlylygyny goramak üçin tagta geçen hökümdar. Munuň şeýledigine döwletiň taryhyny içgin öwrenenimizde has aýdyň göz ýetirýäris.

Şahyryň şygrynda taryhyň ýady

Magtymguly Pyragynyň döredijilik zehininiň egsilmez gorundan kuwwatlanýan häzirkizaman türkmen medeniýeti, onuň ajaýyp şahyrana dünýäsinden kemal tapýar. Ynsan kalbyny heýjana salýan setirler dilden-dile geçip, gaýtalanmajak ruhy bitewüligi emele getirýär. Magtymgulynyň bahasyna ýetip bolmajak hyzmaty diňe bir Watanyň howalaly ruhuny örän ýokary çeperçilik derejesinde beýan etmeginden däl-de, eýsem, geçip barýan üznüksiz ýyllaryň aňyrsyndan nurlanyp görünýän alysdaky säheri görmegi başarandygyndan hem ybaratdyr. Akyldar şahyryň ynsan ýüregine öçmejek uçgun bolup ornan şygyrlarynyň aglabasyndan geçmişiň syrlaryny açýan örän gymmatly taryhy maglumatlary görmek bolýar. Şolaryň biri-de 1747 — 1773-nji ýyllarda Owganystanda şalyk süren Ahmet şa Dürrana bagyşlanan «Arşy-aglaýa» goşgusydyr. Ahmet şa owgan we türkmen halklaryny daşky süteme garşy bileleşip göreşmäge çagyrypdyr. Goşguda Ahmet şanyň öz halkynyň dagynyk güýçlerini birleşdirmek üçin edýän hereketleri we onuň Horasanyň sebitlerine guran ýörişleri görkezilipdir. Onda öň Nedir şanyň goşun serkerdesi bolup gulluk eden Hanaly hanyň hem ady getirilipdir.

Beýik Seljuk döwletiniň görnükli zenanlary

Halkymyz asyrlarboýy zenan maşgalalaryny ezizläp, olara uly hormat goýup gelýär. Bu hakykata taryhda yz galdyran görnükli türkmen zenanlarynyň mysalynda hem şaýat bolýarys. Biz hem şu makalamyzda taryhy çeşmelere we edebiýatlara salgylanyp, şöhratly taryhymyzyň buýsanjy — Beýik Seljuk türkmen döwletinde ähmiýetli orna eýe bolan meşhur zenanlar baradaky maglumatlary okyjylara ýetirmegi makul bildik. Türkmenlerde zenan sarpasy nesilbaşymyz Oguz han zamanasyndan gözbaş alýar. Şol döwürlere degişli taryhy çeşmeler seljerilende, zenan mertebesiniň belentde tutulandygyna, türkmen zenanlarynyň maşgala ojagyna wepaly bolandyklaryna, olara jemgyýetde erkekler bilen deň derejede garalandygyna göz ýetirmek bolýar. Oguz dessurlaryny özlerine ýörelge edinen seljuklarda hem zenanlaryň giň hukuklary bolupdyr. Taryhy çeşmelerde seljuk şazenanlarynyň ilçileri kabul etmek, giň mülk ýerlerine eýeçilik etmek, zerur halatynda özlerine degişli gorag maksatly goşuny döretmek, mirasdüşer şazadany bellemek ýaly mümkinçiliklere eýe bolandyklary bellenilýär.

OGUZ HAN TÜRKMEN

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Oguz han Talasy we Saýramy, Mawerannahry, Buharany, Horezmi eýelänsoň, jahan ýörişine ugrapdyr. Reşideddiniň beýan etmegine görä, Oguz han Hind ülkesini, Çyn-Maçyny boýun egdirip, Türküstana dolanýar. Amuýa (Amyderýa) derýasyndan geçip, Garçystana goşun çekip, ilçi iberýär. Garçystan, Gazna Zabul we Kabul söweşmän boýun egip, mal bermekligi kabul edýärler. Şam, Eýran, Müsür, Rum, Pereň ülkelerini boýun egdirip, Beýik Jahangir Watanyna dolanypdyr. Rowaýatlara görä, 116 ýyl hökümdarlyk eden Oguz han Hak rahmetine gowşupdyr.

TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY SÜTÜNLERI

Magtymguly Pyragy türkmeniň ruhy sütünleriniň biri bolmak bilen, halkymyzyň durmuşynda we terbiýe mekdebinde mynasyp orun eýeleýär. Akyldar  şahyryň döredijiligi türkmen halkynyň ynsanperwer dünýäsiniň, çuň mazmunly edebi mirasynyň, özboluşly garaýyş medeniýetiniň, ýaş nesli ýokary ahlak ýörelgelerine laýyklykda terbiýelemegiň milli mekdebidir. Beýik şahyryň döredijiligi ynsanda iň gowy häsiýetleri, ruhy-ahlak taýdan päkizeligi, dogruçyllygy, ile-güne, Watana wepalylygy, lebzihalallygy, ylma-bilime ymtylyşy, bilesigelijiligi terbiýeleýär. Gündogaryň beýik akyldarynyň şygryýet mirasy türkmen halkynyň dünýä edebiýatyna goşan ajaýyp we özboluşly  goşandydyr. Bu miras diňe bir türkmen halkynyň milli buýsanjy bolmak bilen çäklenmän, eýsem dünýäniň ähli halklarynyň ruhy-ahlak gymmatlygyny emele  getirýär.

Gadymy medeniýetiň ojagy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň taryhyny, maddy we ruhy gymmatlyklaryny öwrenmäge, dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredildi. Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär: «Biziň topragymyzyň her bir daban ýeri ylmy barlaglar üçin gymmatly çeşme bolmak bilen, ýene-de näçe täsinlikleri özünde jemleýändigi doly mälim däl». Dogrudan-da, geçmiş taryhymyzyň açylmadyk syrly sahypalary örän köpdür. Gadymy medeni ojaklaryň biri hasaplanylýan Änew medeniýeti özüniň baý taryhy bilen dünýä alymlarynyň ünsüni çekip gelipdir. XIX asyryň ahyrlarynda we XX asyryň başlarynda sowet hem-de daşary ýurtly alymlar gadymy Änewi öwrenmäge girişýärler. Änew depesinde ilkinji bolup 1886-njy ýylda rus generaly A.Komarow Aşgabat garnizonynyň esgerleri bilen gadymy ýadygärligiň taryhyny öwrenmäge girişýär. Onuň Änewde geçiren gazuw-agtaryş işleri barada 1888-nji ýylda Sankt-Peterburgda Russiýa geografiýa jemgyýetiniň Gündogar bölüminde eden ylmy çykyşynyň beýany gysgaldylan görnüşinde şol ýyl «Nowosti» gazetinde, Türküstan general-gubernatorynyň «Turkestanskiýe wedomosti» gazetinde çap edilýär. A.Komarowyň hasabatyndaky görkezilen taryhy ýadygärlikleri öwrenmek maksady bilen alymlaryň ýörite arheologik gözleg topary döredilýär.

Şöhratly taryhymyzyň gadymy çeşmeleri

Adamyň ruhy-ahlak kämilliginiň kemala gelmeginde medeni miras özboluşly ähmiýete eýedir. Medeni miras nesilleri baglanyşdyrýar. Adamlaryň geçmişini, şu gününi we geljegini bir bitewülige birleşdirýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde milli medeni mirasymyzy ylmy esasda öwrenmek we onuň ösüşine täze badalga bermek üçin düýpli işler amal edilýär. Türkmenistan gadymy, şöhratly taryha eýe bolan baý medeni mirasly künjekleriň biri hasaplanylýar. Soňky ýyllarda geçirilen arheologik barlaglar hem-de öwrenilen etnografik gymmatlyklar ata Watanymyz Türkmenistany adamzat siwilizasiýasynyň bäş sany merkeziniň biri hökmünde ykrar etmäge esas berýär.

Änew medeni mirasy özünde jemleýän taryhy şäher

Änew türki dünýäniň gadymy medeniýetini özünde jemleýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen üstünliklere beslenýän şu ýylda Änew şäherini «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek boýunça degişli çözgüt Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisinde kabul edildi. Şonuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow 4-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň 2023-nji ýyldaky ilkinji mejlisiniň barşynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralary we çäreleri guramaçylykly geçirmek maksady bilen degişli resminama gol çekdi, şonuň esasynda guramaçylyk topary döredilip, onuň düzümi, şeýle-de geçiriljek dabaralardyr çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.