''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Şöhratly taryhymyz

Halkymyzyň beýik geçmişiniň, şöhratly taryhynyň bolandygyna ata-babalarymyzdan bize miras galan taryhy-medeni, arheologiýa ýadygärlikleri arkaly göz ýetirmek bolýar. Şeýle taryhy binagärlik ýadygärlikleri welaýatymyzyň çäginde hem onlarçadyr. Olar welaýatymyzda ýerleşýän taryhy-medeni döwlet goraghanalary tarapyndan goralýar. Bu ugurda «Gökdepe galasy» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň alyp barýan işlerini agzamak bolar. Agzalan taryhy-medeni döwlet goraghanasy tarapyndan türkmen halkynyň geçmişdäki baý mirasy bolan gadymy medeni ýadygärlikleri aýawly gorap saklamak, öwrenmek babatynda degişli tagallalar edilýär. «Gökdepe galasy» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hasabynda taryhy ýadygärlikleriň 88-si, şol sanda arheologiýa ýadygärlikleriniň 60-sy, arhitektura ýadygärlikleriniň 28-si bolup, olaryň 46-sy Gökdepe etrabynyň, 42-si Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýär. Goraghanada taryhy-medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek, rejelemek, dikeltmek, şeýle-de milli taryhy-medeni mirasyň desgalarynyň asylky durkunyň abat ýagdaýda geljekki nesillere ýetirmek ugrunda degişli işler alnyp barylýar, ylmy gözleg, taslama hem-de önümçilik işleri amala aşyrylýar.

Domino oýny

Domino oýnuny 2, 3 ýa-da 4 adam bolup oýnap bolýar. Bu oýunda, adatça, 28 daş bolýar. Her daş çyzyk bilen ikä bölünip, onuň her tarapynda 0-dan 6-a çenli nokat bolýar. Oýnuň esasy maksady domino daşlarynyň deň nokatly taraplaryny birikdirip, olary yzygiderli düzmekden ybarat. Oýna başlamazdan öň, oýnuň näçe bolup oýnaljakdygy, soňra bolsa näçe utuk alnanda oýnuň tamamlanjakdygy kesgitlenilýär. Emma bu oýunda iň köp utuk alan ýeňilýär. Sebäbi utuk ýeňlene berilýär. Oýunda her oýunçyda 7 sany daş bolup, bu daşlary ilkinji gutaran oýnuň ýeňijisi bolýar. Oýun tamamlananda, beýleki oýunçylaryň elinde galan daşlaryň nokatlarynyň sany olara jerime utugy hökmünde berilýär. Bu oýnuň başga görnüşli oýnalyşlary hem bar. Tehnologiýanyň ösmegi bilen oýnuň kompýuterler hem-de smartfonlar üçin niýetlenen görnüşleri bolsa-da, deň-duşlaryňyz bilen oýnamagyň has gyzyklydygyny unutmaň!

Parahatçylygyň ilçisi

Her bir halkyň ykbalynda öz halkyna, Watanyna bolan söýgi bilen beýgelip, milli gahrymanyna öwrülen gerçekler bolýar. Adatça, gürrüňiň şeýle äheňde başlanmagy onuň Watan mertebesini döş gerip goran edermen serkerdeler dogrusynda ýaly bolup duýulýar. Bu, elbetde, dogry. Her bir halkda şeýle edermen, gaýduwsyz söweşijiler bardyr. Emma biziň bu gezekki söhbedimiz ykballara abanýan agyr howpy eline ýarag alman gaýtarmagy başarýan ussat dogrusyndadyr. Türkmeniň meşhur sazandasy Şükür bagşy, ine, şeýle az sanly gahrymanlardandyr. Aslynda, Şükür bagşy diýilse, dünýädäki az sanly sungat gahrymany göz öňüňde janlanýar. Şükür bagşy hakyndaky gürrüňler rowaýata öwrülip giden hem bolsa, ol taryhy şahsyýetdir.

Täsin tapyndy

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň merkezinde ýerleşýän «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň muzeý gaznasyna baryp, bu ylmy edaranyň hünärmenleri tarapyndan aýawly saklanylýan, içgin öwrenilýän we rejeleýji ussalar tarapyndan ozalky kaddyna, asyl nusgadaky şekiline getirilýän taryhy tapyndylary synlamak bizde örän ýakymly täsir galdyrýar. Biz, bilim işgärleri — terbiýeçiler, mugallymlar, şeýle hem medeniýet ulgamynda işleýän hünärmenler bolup, ýakynda bu ýerde duşuşyk geçirenimizde, goraghananyň hünärmenleri bizi täze tapyndylar bilen tanyşdyryp, olar hakynda gyzykly gürrüň berdiler. Duşuşykda biziň üçin has täsirli bolup görnen zatlaryň biri-de, ýüzüne çyzyklar çyzylan, adaty inedördül kerpiç boldy. Etrap merkezinden 7 kilometr demirgazyk-günbatarda ýerleşýän orta asyr Abiwerd-Peşdag ýadygärliginde ylmy-barlag işleri geçirilende tapylan bu kerpiç, aslynda, gadymdan gelýän düzzüm oýnunyň tagtasynyň hyzmatyny ýerine ýetiripdir. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, kerpijiň ölçegleriniň 22x22x4 bolmagy onuň ýasalan döwrüni kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Ylmy dolanyşykdaky bar bolan maglumatlara laýyklykda, şeýle ölçegdäki kerpiçler XI-XII asyrlarda türkmen topragynda ykdysady-syýasy taýdan gülläp ösen Türkmen Seljuk döwletiniň zamanasyny

Aşgabadyň ilkinji tehniki täzelikleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň taryhyna gyzyklanmanyň artmagy ata-babalarymyzyň şöhratly ýol-ýörelgelerini dikeltmekdäki esasy çelgileriň biridir. Hormatly Prezidentimiz mydama taryhçy alymlara taryhymyzy içgin öwrenmegi we asylly däp-dessurlarymyzy halka ýetirmegi maslahat berýär. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda ak şäherimizde taryhyň dürli döwürlerinde ylmy-tehniki ösüşleriň gazananlaryny durmuşa geçirmek bilen bagly alnyp barlan işler aýratyn gyzyklanma döredýär. Taryha ser salanymyzda Aşgabat şäherinde öz döwrüniň ylmy we tehniki täzeliklerinden ilkinjileriň hatarynda peýdalanylypdyr. Aşgabat şähеrinе elеktrik toguny çеkmеk işine ilkinjileriň biri bolup, şol döwürde hususy çaphananyň eýesi we «Закаспийское обозрение» gazetini esaslandyran we neşir eden, bu gazetiň ilkinji redaktory K.M.Fýodorow başlaýar. 1897-nji ýylda onuň çaphanasy tarapyndan Drеzdеn (Germaniýa) şähеrinden elеktrik togy bilеn ýagtylandyrmak üçin hеrеkеtlеndiriji satyn alynýar we Aşgabatda ilkinji elеktrik stansiýasyny gurmak işlеrinе girişilýär. Ady agzalan gazetde habar berilmegine görä, bug çaphanasyny işlеtmägе ygtyýar bеrlеn elеktrik bеkеdini Annеnkow (häzirki

Injirli gala

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan paýhasly syýasaty netijesinde türkmen halkynyň medeni mirasyny, gadymy hem şöhratly taryhyny öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Bu gün ýurdumyzyň çägindäki baý taryhymyzdan söhbet açýan taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek boýunça alnyp barylýan işler hem bu ugurda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Ahal welaýatynyň çäginde-de şu günlerimize çenli saklanyp galan taryhy ýadygärlikler, şol sanda gadymy galalar, kerwensaraýlar sanardan kän. Şeýle täsin ýadygärlikleriň biri-de «Köne Sarahs» taryhy-medeni döwlet goraghanasyna degişli bolan Injirli galadyr.

Taryhy seýilgähe seýran

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen dabaralanýan şanly ýylymyzyň 24-nji fewralynda paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna taýýarlyk görmek hem-de ony ösdürmek boýunça geçiren iş maslahatynda Watanymyzyň ýüregi Aşgabadyň köp şanly wakalary başdan geçirendigini, bu günki gün ajaýyp paýtagtymyzyň öz nurana keşbi, aýratyn ruhubelent ýagdaýy bilen dünýäniň owadan şäherleriniň birine, tutuş adamzat ähmiýetli täze başlangyçlaryň ýüze çykýan we amala aşyrylýan, halkara ähmiýetli möhüm çäreleriň yzygiderli geçirilýän sebit merkezine öwrülendigini aýtdy. Milli Liderimiz şundan ugur alyp, Aşgabadyň şöhratly taryhyny we onuň ajaýyp binagärligini wasp etmegiň terbiýeçilik we ýokary watançylyk ähmiýetini nygtap, Watanymyzyň täze taryhynda Aşgabadyň eýeleýän orny barada ýaşlaryň arasynda okuwlary, wagyz-nesihat işlerini yzygiderli geçirmegiň zerur bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Iň gadymy çaý ösümligi

Şahyr Kerim Gurbannepesowyň çaý baradaky şygrynda «Hytaýlydyr aslyýeti...» diýen setir bar. Arheologlaryň ýakynda Hytaýda geçiren gazuw-agtaryş işleri çaý ösümliginiň watanynyň Hytaýdygyny ýene bir gezek tassyklady. Gadymy hytaý imperatory Szin-diniň taryhy ybadathanasynyň golaýynda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde mundan 2 müň ýyl ozal ösüp ýetişen çaý ösümliginiň galyndylaryna gabat gelindi. Häzir bu tapyndylar çaýyň taryhy bilen bagly iň gadymy döwre degişli gymmatlyk bolup durýar.

Şöhratly taryhyň ýaňy

Hormatly Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda «Dünýä taryhynda öçmejek ýazgy galdyran Nusaý şalygynyň gadymy topragynda, häzir III müňýyllygyň başynda döwrüniň beýik taglymatlaryna ygrarly, dünýäde giňden meşhur bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri ýerleşýär» diýip belleýär. Aşgabat hakykatdan hem döwletli mekanda, siwilizasiýalaryň dörän topragynda ýerleşýär. Aşgabadyň we onuň töwereklerinde ýerleşen Parfiýa döwrüniň ýadygärlikleri Täze we Köne Nusaýyň gatlaklaryndan tapylan keramika önümlerini deňeşdirmek esasynda (b.e. öňki III — b.e. III asyrlary) senelenýär. XX asyryň ortalarynda arheolog M.Ý.Massonyň ýolbaşçylygynda Günorta Türkmenistanda toplumlaýyn ekspedisiýasy gadymy Nusaý şäherinde gazuw-agtaryş işlerini alyp barypdyr. Şonuň netijesinde, ol ýerden «Nusaý arhiwi» diýlip atlandyrylýan toýun bölekleriniň ýüzüne ýazylan ýazgylar tapyldy. Alym doganlar I.M.Dýakonow, M.M.Dýakonow we W.A.Liwşis dagy olaryň ýüzündäki hatlary okamany başarypdyrlar. Ondaky ýazgylaryň berýän maglumatlaryna görä, Aşgabat şäheriniň çäginde Parfiýa döwletine degişli berkitmeleriň, galalaryň we daşy berkidilen obalaryň 38 sanysynyň, üzümçilik meýdanlarynyň töweregindäki obalar bilen birlikde

Taryhdan geljege tarap...

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda hem ýurdumyzyň ösüşi batly depginde alnyp barylýar. Şol ösüşleriň özeni halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak bolup durýar. Tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ulag-kommunikasiýa düzümini döwrebaplaşdyrmakdan we ösdürmekden ybaratdyr. Beýik Ýüpek ýoly taryhda birnäçe döwletleri medeni we ykdysady taýdan birikdiren ýol bolupdyr. Gadym döwürlerden bäri adamlar dünýäni öwrenmek, täze ýerleri açmak-tanamak, söwda etmek ýaly maksatlar bilen syýahat etmäge başlapdyrlar.

Mahmyt Kaşgarlynyň eserinde pul hakynda

Adamzadyň durmuşynda maddy taýdan möhüm ähmiýete eýe bolan pullar taryhda haýsy döwletleriň bolandygyna, haýsy hökümdaryň höküm sürendigine şaýatlyk edýän iň esasy delillerdir. Gadymy pullar belli bir döwletiň ykdysady gatnaşyklaryny öwrenmegiň çeşmesidir. Dolanyşygyň serişdesi bolan gadymy pullaryň daş görnüşiniň, keşbiniň özüneçekijiligi, şol döwrüň nakgaşlarynyň ussatlygyny, ussahanalaryň tehniki mümkinçiliklerini-de görkezýär. Türki halklaryň durmuşynda pullar baradaky maglumatlar Mahmyt Kaşgarlynyň eserinde hem öz beýanyny tapýar. Orta asyrlarda dünýä taryhynda uly yz goýan, Türkmenleriň Seljuklylar döwletiniň iň pajarlap ösen döwri bolan Soltan Mälikşanyň döwründe (1072 — 1092) «Türki dilleriň diwany» atly sözlügi bilen tanalan Mahmyt Kaşgarly bu eserini 1077-nji ýylda Apbasy halyfy Abulkasym Abdylla ibn Muhammet Muktady Biemrilla sowgat edýär. Bu eser türki halklaryň diliniň taryhyny öwrenmekde tapylgysyz hazynadyr. Şeýle-de, alym eseriniň başynda: «Türki diline öçmejek şöhrat, tükenmez hazyna bolsun» diýip, bu diwany ýazmagynyň sebäbini aýdyp geçýär.

Aşgabat: taryhdan şu güne

Ýurtlar, döwletler, halklar paýtagty bilen tanalýar. Paýtagt — döwletiň, halkyň ýüzi, beýlekilerden tapawutlandyrýan aýratynlygy. Mähriban Diýarymyzyň paýtagty Aşgabat ilkibaşda kiçeňräk gala berkitmesi eken. Geçen 140 ýylyň dowamynda Aşgabat, gör, nähili özgerdi! Birwagtky Aşgabat obasynyň ornunda ajaýyp, döwrebap häzirki zaman şäheri kemala geldi.

Fotosuratyň taryhy

Biziň gündelik durmuşymyzda birentek täsin, gyzykly wakalar we pursatlar bolup geçýär. Şolary soňlugy bilen ýatlamakda, olardan käbir pursatlary saklap galmakda bolsa fotosuratlaryň ähmiýeti uludyr. Olar biziň ýaşaýşymyzyň aýrylmaz bölegidir. Çünki janly suratlar özümizi şol wakanyň içinde ýaly duýmagymyza ýardam edýär. Ilkinji fotoapparatlaryň döredilenine, iki ýarym asyrdan gowrak wagt geçipdir. Fotoapparat baradaky maglumatlar XVI asyr bilen senelenýär. Jerolama Kardana atly ugurtapyjy bir ýigit dörtburç gutynyň içine linza ýerleşdirip, ilkinji fotosuraty çykarmagy başarýar. Ýöne şol surat onçakly dury bolmandyr. Bu ugurda edilen gözlegleriň netijesinde 1727-nji ýylda ilkinji synanyşyklar başlanýar. Iogan Şuls atly bir adam duz bilen kümüşden peýdalanyp, has dury görnüşdäki fotosuratlary çykarmagy başarýar. Häzirki döwürde görýän fotosuratlarymyza çalymdaş ilkinji suraty bolsa 1820-nji ýylda Neps atly suratkeş köpçülige görkezýär. Emma fotoapparatyň tehniki enjamyny döredijiler hökmünde ilkinji gezek taryha giren Luiý Žan bilen Monde Dagerdir. Bu enjam döredilenden soň, Germaniýada satuwa çykarylan gabarasy kiçi, ýokary hilli fotosuratlary bermek mümkinçiligine eýe bolan fotoapparatlaryň ýasalmagy, öňe tarap ynamly ädilen ädimleriň biri bolýar. Soňlugy bilen kem-k

Adamzat kalbynyň şahyry

Gadymy hem müdimi türkmeniň taryhynda öçmejek yz galdyran nusgawy şahyrlarymyza Arkadagly eýýamymyzda uly sarpa goýulýar. Olar bilen baglanyşykly şanly seneler döwlet derejesinde giňden bellenilip geçilýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Karara gol çekmegi ähli türkmen halkymyz üçin buýsançly wakadyr. Bu gün aýratyn bellenilmeli zatlaryň biri-de, dana hem merdana halkymyzyň watançylyk terbiýesiniň many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrylyp dowam etdirilýändigidir, mertleriň mertebesiniň barha beýgelýändigidir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri, Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, mertleriň Watany, Watanyň bolsa mertleri beýgeldýän döwrüdir. Ýurduň goragy, halkyň asuda, abadan durmuşynyň üpjün edilmegi hemişe we ilkinji nobatda, il-günüň agzybirligine, jemgyýetiň jebisligine, pähim-parasatly, adyl-adalatly döwlet Baştutanyna, Watany goraýan mertlere baglydyr.

Türkmen paýtagtynyň taryhy — fotosuratlarda

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mundan bäş ýyl gowrak öň, 2015-nji ýylyň 16-njy maýynda geçiren mejlisinde paýtagt şäherimiz Aşgabadyň gününi bellemek we şol baýram bilen bagly çäreleri dabaraly geçirmek barada tabşyryk beripdi. Ynha, golaýda hem Arkadag Prezidentimiz paýtagtymyza amala aşyran iş saparynda üstümizdäki ýylda Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny belläp geçmegi teklip etdi.

Muzeýe syýahat

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesiniň guramagynda Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýine syýahat guraldy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli guralan syýahata kärdeşler arkalaşyklarynyň edara-kärhanalardaky ilkinji guramalarynyň başlyklary we işjeň agzalary gatnaşdy. «Sahawatly türkmen topragy ak bugdaýyň mekanydyr» atly syýahatyň barşynda muzeýiň hünärmenleri ýaşlara gadymy Änewiň taryhy, bu gadymy toprakdan tapylan gymmatlyklar hakynda täsirli gürrüň berdiler hem-de olary sergi zallarynda saklanýan tapyndylardyr maglumatlar bilen tanyşdyrdylar.

Şöhratly taryhyň sahypalary

Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň şöhratly taryhyna uly sarpa goýýar. Gahryman Arkadagymyzyň maddy we medeni mirasymyzy öwrenmek, gorap saklamak we wagyz etmek işlerinde nusgalyk göreldesine eýerip, taryhçy alymlar ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän, öz döwründe Beýik Ýüpek ýolunyň wajyp nokatlary bolan taryhy ýadygärlikleriň birnäçesinde arheologik-barlag işlerini geçirýärler. Olaryň içinde Nusaý, Abiwerd, Sarahs, Merw, Köneürgenç ýaly gadymy dünýäniň merjeni hasaplanan ýadygärlikleri bellemek bolar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň taryhçylary we arheologlary tarapyndan gadymy Amul, Paryzdepe, Şährihaýbar, Şähristan arheologiýa ýadygärlikleri bilen bir hatarda, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Isgender obasynyň golaýynda ýerleşýän Isgendergala ýadygärliklerinde-de köptaraplaýyn ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Bu ýadygärlikde gazuw-agtaryş işleri geçirildi hem-de oba ilatyndan etnografik maglumatlar ýygnaldy. Ýygnalan etnografik maglumatlaryň habar bermegine görä, Isgendergala ady miladydan öňki IV asyrda ýaşap, dünýäniň uly bölegini öz içine alýan döwleti esaslandyran Aleksandr Makedonlynyň ady bilen baglanyşyklydyr.

Buýsançly mirasymyz

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilde milli medeni mirasymyza, ata-baba gelýän asylly däp-dessurlarymyza, taryhy-medeni ýadygärliklerimize söýgi döretmekde geçirilýän medeni çäreleriň ähmiýeti uludyr. Şunuň bilen baglylykda, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän gadymy Abiwerd galasyna gezelenjiň guralmagy, ol ýerde taryhy öwrenijiler bilen duşuşyklaryň geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Taryhy ýadygärlikde bolýan her gezekki duşuşyk täze taryhy tapyndylar bilen tanyşmaga, arheologlar bilen söhbetdeş bolmaga hem-de gymmatly maglumatlary toplamaga uly mümkinçilik berýär. Golaýda bu ýerde guralan duşuşykda ýaş mugallymlar, çagalar baglarynyň usulyýetçi-pedagoglary bolup, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky Milli müdirliginiň baş hünärmeni, alym-arheolog, taryh ylymlarynyň kandidaty Akmyrat Babaýew bilen söhbetdeş bolduk. Şonda taryhçy alym orta asyr Abiwerdiň daşky gala diwarlarynda, şeýle hem galanyň günorta-gündogar çäginde alnyp barylýan gazuw-agtaryş işleri, olaryň netijeleri barada gyzykly gürrüň berdi.

Ak bugdaýyň söhbedi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Goý, edermen babadaýhan pederlerimizden miras galan türkmen topragynda ak bugdaýyň berekedi hiç haçan egsilmesin.

Kesbini ykbalyna öwren

Arada tanşym bilen Baýramaly şäherinde Yslam aga diýen bir ýaşuly adamyňka myhmançylyga bardyk. Çaý-nahardan soň, ol öz kakasynyň demir ýol ulgamynda biregne 77 ýyl işländiginden söz açdy. Meniň soranjaňlygymy ilki geň gören öý eýesi özüne has tanyş hem juda ýakyn ýatlamalaryny ýakymly duýgulara gaplap, gürrüň bermäge başlady. — Kakam geçen asyryň iň kynçylykly ýyllarynda, Beýik Watançylyk urşunyň başlan uçurlarynda demir ýol işgäri bolup işläpdir — diýip, Yslam aga söze başlady: — Ol ömür ýolunyň manysyna öwrülen käri hakda hemişe gürrüň ederdi. Kakam Ali Mamedow 1929-njy ýylda Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde, daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Soňra olaryň maşgalasy Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyna göçüp gelip, şol ýerde birnäçe ýyl ýaşaýar. 1934-nji ýylda kakam Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen çagalar mekdep-internatyna okuwa girýär. Şol ýerde bäş ýyl çemesi tälim alyp, Balkan welaýatynyň öňki Gyzylarbat, häzirki Serdar şäherindäki başlangyç hünär mekdebinde okuwyny dowam etdirýär. Bu ýerde alty aý okaýar. Okuwyny tamamlap, Orta Aziýa demir ýol okrugyna degişli Mary demir ýol deposynda, gögele çagadygyna garamazdan, ilkinji zähmet ýoluna başlaýar. Depoda ýolagçy we ýük daşaýan otlularyň kömürçisi, otla erk