Muzeýe syýahat

23 Fewral 2021
1846

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesiniň guramagynda Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýine syýahat guraldy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli guralan syýahata kärdeşler arkalaşyklarynyň edara-kärhanalardaky ilkinji guramalarynyň başlyklary we işjeň agzalary gatnaşdy.

«Sahawatly türkmen topragy ak bugdaýyň mekanydyr» atly syýahatyň barşynda muzeýiň hünärmenleri ýaşlara gadymy Änewiň taryhy, bu gadymy toprakdan tapylan gymmatlyklar hakynda täsirli gürrüň berdiler hem-de olary sergi zallarynda saklanýan tapyndylardyr maglumatlar bilen tanyşdyrdylar.

Tawus MEREDOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesiniň işgäri. SURATLARDA: muzeý gymmatlyklaryndan görnüşler.
Beýleki habarlar