Adamzat kalbynyň şahyry

25 Fewral 2021
1848

Gadymy hem müdimi türkmeniň taryhynda öçmejek yz galdyran nusgawy şahyrlarymyza Arkadagly eýýamymyzda uly sarpa goýulýar. Olar bilen baglanyşykly şanly seneler döwlet derejesinde giňden bellenilip geçilýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Karara gol çekmegi ähli türkmen halkymyz üçin buýsançly wakadyr.

Bu gün aýratyn bellenilmeli zatlaryň biri-de, dana hem merdana halkymyzyň watançylyk terbiýesiniň many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrylyp dowam etdirilýändigidir, mertleriň mertebesiniň barha beýgelýändigidir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri, Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, mertleriň Watany, Watanyň bolsa mertleri beýgeldýän döwrüdir. Ýurduň goragy, halkyň asuda, abadan durmuşynyň üpjün edilmegi hemişe we ilkinji nobatda, il-günüň agzybirligine, jemgyýetiň jebisligine, pähim-parasatly, adyl-adalatly döwlet Baştutanyna, Watany goraýan mertlere baglydyr.

Remezan GULLYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Merkezi edarasynyň harby gullukçysy, maýor.
Beýleki habarlar