Ekologik ätiýaçlandyryşyň artykmaçlyklary

3 Oktýabr 2022
1481

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Beýleki ugurlar bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hem öz işini döwrüň talabyna laýyk guramakda netijeli iş alyp barýar. Şeýe işleriň hatarynda guramamyz tarapyndan meýletin ekologik ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylmagyny görkezmek bolar.

Ätiýaçlandyrýan bilen ätiýaçlandyrylýanyň arasynda meýletin ekologiýa ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak döwrebaplaşdyryldy, ýönekeýleşdirildi we ýeňilleşdirildi. Ätiýaçlandyryş şertnamasy ätiýaçlandyrylan tarapyndan ätiýaçlandyryş gatanjy tölenen pursadyndan başlap, baglaşylan hasaplanýar. Şonda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrylýany ätiýaçlandyryş kadalary we şertleri bilen tanyşdyryp, oňa meýletin ekologiýa ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylandygyny tassyklaýan şahadatnamany gowşurýar.

Maýa ÖWLÜÝÄGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň ätiýaçlandyryşyň usulyýeti we ätiýaçlandyryş amallary bölüminiň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar