Ekologiýa medeniýeti kemala gelýär

7 Sentýabr 2022
1676

Ekologik düşünje we tebigata söýgi çagalykdan başlap kemala gelýär. Ösüp gelýän ýaş nesillere tebigaty goramak, onuň gymmatlyklaryna aýawly çemeleşmek we hormat goýmak ýörelgelerinde terbiýe bermek, ýaşlaryň ekologik medeniýetiniň derejesini ýokarlandyrmak döwletimiziň ileri tutýan esasy ugurlarynyň biridir. Çünki häzirki döwürde älem giňişliginde iň çylşyrymly meseleleri bilen öňe çykýan ekologiýa çuňňur öwrenmegi, ähli meseleleri düýpli seljermegi we netijeli baş alyp çykarmagy talap edýär. Şeýle döwürde ekologik düşünjeleri we bu babatdaky maglumatlary ýakyndan bilmek, akyl ýetirmek, ekologik nukdaýnazaryndan sowatly çemeleşmäni gazanmak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar.

Şeýle belent wezipäni amala aşyrmakda ýaşlaryň ekologik çärelere gatnaşmagyny üpjün etmek möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Däp bolup gelşi ýaly, şu ýylyň baharynyň ilkinji günlerinde Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek çäresi geçirilip, ýaşlar hem bu asylly çärä işjeň gatnaşdylar. Geljekde ekilen baglar ösüp boý alyp, ajaýyp bir gözelligi we iň esasysy tebigatymyzyň howa sazlaşygynyň arassa ulgamyny döretmekde berk esas bolar. Şeýle ynsanperwer çärä gatnaşan ýaş nesliň ýüregi buýsançdan doly. Çünki tebigat biziň öýümizdir, ýaşaýyş gurşawymyzdyr. Bu gurşawda özboluşly medeniýet kemala gelip, edil adamlaryň birek-birek bilen mähirli gatnaşyşy ýaly, adam bilen tebigatyň arasynda hem hormat goýmak, goramak we aýawly çemeleşmek ýaly ýörelgelere utgaşyp gidýän ekologik medeniýet kemala gelýär. Arkadagly Serdarymyzyň nusgalyk göreldesi bilen welosipedli ýörişleriň yzygiderli guralmagy ekologiýa abadançylygyny döretmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Orazmuhammet MYRADOW,
Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugynyň Köneürgenç etrap, şäher bölüminiň döwlet bellige alyjysy, 2-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar