Talhatan baba

6 Maý 2022
2037

Şöhratly taryhymyzyň Beýik Seljuklar döwrüni şadöwletiň iň uly şäheri bolan Merwiň pajarlap ösen medeniýetinden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Ol tutuş sebitiň ykdysady we medeni merkezine, musulman dünýäsiniň paýtagtyna öwrülýär. Beýik Seljuklar şadöwletiniň düýbüniň tutulyp, hökümdarlaryň hormatyna ilkinji hutba — alkyş namazynyň ýaňlanan şäheri bolan Merw seljuklar döwründe tutuş dünýäniň belli alymlarynyň, danyşment-ulamalarynyň ajaýyp eserlerini döreden ojagyna öwrülýär. Soltan Sanjaryň hökümdarlyk eden zamanasynda Merwde döreden ylmy we edebi eserleri bilen meşhur bolan belli ulamalaryň biri Abu Bekr Muhammet Talhatanydyr. Golýazma çeşmelerinde alymyň Beýik Seljuklar şadöwletiniň soňky hökümdary Sanjara şalyk patasyny beren pir, soltanyň halypasy hem-de ylmy we döredijilik dünýäsiniň ussady bolandygy barada maglumatlara duş gelinýär.

Alym Arkadagymyz Muhammet Talhatanyň ylmy we edebi mirasyna ünsi çekmek bilen, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň II kitabynda ygtybarly hem düýpli ylmy maglumatlary beýan edýär. Onda şeýle diýilýär: «Barkdizden demirgazyga — Merw tarapa rowana bolan kerwenler Ýolöten etrabynyň çäginde ýerleşýän uly obalaryň biri bolan Talhatana barypdyr. Bu oba birnäçe asyrlaryň dowamynda Merwden Hyrada barýan kerwen ýolunyň esasy menzili bolup hyzmat edipdir. Giçki orta asyrlar döwrüne degişli kerwensaraýlaryň, medreseleriň, metjitleriň we palçykdan gurlan beýleki ymaratlaryň binagärlik gurluşlarynyň saklanyp galan bölekleri munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Talhatan obasynda ýaşan we 1095-nji ýylda aradan çykan, şeýle hem şol ýerdäki gadymy gonamçylykda jaýlanan belli ulama Abu Bekr Muhammet Talhatanyň (türkmenler ony Talhatan baba diýip atlandyrýarlar) kümmeti ýerleşýär».

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm müdiri. Surata düşüren Hasan MAGADOW.
Beýleki habarlar