Abiwerdiň gadymy galasy

8 Maý 2022
1673

Gojaman we şöhratly taryhymyzda öçmejek yz galdyran ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda maddy we medeni gymmatlyklaryň gaýtalanmajak ajaýyp nusgalaryny döredipdirler. Şol gymmatlyklarynyň şaýady hökmünde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän köp sanly taryhy we medeni ýadygärlikleri görkezmek bolar. Bişen kerpiçlerden sünnälenip bina edilen gözel köşkleri, kümmetleri, minaralary we pagsadan edilen gala diwarlaryny, olardaky diňleri, dürli görnüşli ululy-kiçili kerwensaraýlary göreniňde çäksiz buýsanýarsyň. Şolaryň aglabasy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşip, halkara gatnaşygynda ajaýyp medeniýetiň we sungatyň döremeginde mynasyp orna eýedir.

Halkymyzyň irki we orta asyrlardaky taryhynyň şan-şöhraty Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky Abiwerd galasy bilen berk baglanyşyklydyr. Oňa käbir ylmy çeşmelerde Abiwerd-Peştag ady bilen hem duşmak bolýar. Häzirki wagtda galanyň tutýan umumy meýdany 10.5 gektar bolup, ol gönüburçly şekildedir. Galanyň diwarlary harby nukdaýnazardan goranyş diňleri bilen örän berk gurlupdyr. Onuň içki meýdanynda XII asyrlarda esaslandyrylan musulman metjitleriniň galyndylaryna hem duşmak bolýar.

Şatlyk ILMYRADOW,
Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň hünärmeni.
Beýleki habarlar