Heýkelleriň hikmeti

27 Iýun 2024
57

Dana şahyr Magtymguly Pyragy ady we döredijiligi bilen üç asyrdan bäri türkmen halkynyň şan-şöhratyny dabaralandyryp gelýär. 17-nji maýda paýtagtymyzyň günorta künjeginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda beýik akyldaryň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylmagy bolsa ýatdan çykmajak ajaýyp wakalaryň birine öwrüldi.

Seýilgähde «Magtymguly, sözüm bilene sözdür» diýip öz döwründe sözüň, şygyrlaryň, edebiýatyň we medeniýetiň derejesini bir gez beýige galdyran şahyryň äpet heýkeli bilen bilelikde,  dünýä belli ençeme şahyrlaryňdyr ýazyjylaryň heýkelleriniň oturdylmagy bolsa halkymyzyň we döwletimiziň sungata goýýan hormat-sarpasynyň nyşanydyr. Dürli ýurtlara we yklymlara wekilçilik edýän meşhur nusgawy şahyrlaryň, ýazyjylaryň, dünýä belli akyldarlaryň heýkellerini bir ýere jemlän seýilgäh toplumy dost-doganlygy, halklaryň hoşniýetli goňşuçylygyny alamatlandyrýar.

Aýna GELDIMYRADOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
Beýleki habarlar