Asylly ýörelgeleriň dabaralanmasy

21 Iýun 2024
111

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli baýramlarymyzyň täze mazmun bilen baýlaşdyrylmagy, medeni gymmatlyklarymyzyň goralyp saklanmagy, olaryň ruhunda arassa ahlakly, giň dünýägaraýyşly ýaşlaryň terbiýelenilmegi babatda edilýän tagallalar örän guwandyryjydyr. Bu ugurdaky alnyp barylýan işler mukaddes Gurban baýramynyň giňden bellenip geçilmeginiň mysalynda anyk beýanyny tapdy. Hormatly Prezidentimiziň «Gurban baýramyny bellemek hakynda» Permanyna laýyklykda, 16-17-18-nji iýunda halkymyz bu senäni asylly däpler esasynda giňden belläp geçdi.

Haýyr-sahawatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerden ugur alnyp, Gurban baýramynyň uludan toýlanmagy bagtyýarlykdan, döwletlilikden, il agzybirliginden alamatdyr. Hormatly Prezidentimiziň degişli Permanyna laýyklykda, gurbanlygyň üç gününde-de iş güni däl diýlip yglan edilmegi hem-de onuň ilkinji gününiň dynç güne gabat gelýändigi sebäpli, ýekşenbedäki dynç gününiň çarşenbe gününe süýşürilmegi halkymyzyň bu milli baýramy has dabaraly, şowhunly hem-de tüýs ýürekden hoşallyk duýgulary bilen bellemegine mümkinçilik berdi.

Rejepmyrat ORAZGELDIÝEW,
Sarahs etrap kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi.
Beýleki habarlar