Sahawat şuglasy

21 Iýun 2024
99

Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzda ähli tutumly işler il bähbidine, ynsan bagtyna gönükdirilýär. Şunda iň gymmatly baýlyk bolan ynsan saglygy, sagdyn nesil baradaky aladalar esasy orunda durýar. Bu maksatlary amala aşyrmakda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer goldawy bimöçberdir.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldamagynda howandarlyga mätäç çagalara ýurdumyzyň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän çagalaryň bejergileri, lukmançylyk maksatly serişdeleri satyn almak üçin pul serişdeleri yzygiderli bölünip berilýär.

Güljahan ORAZGELDIÝEWA,
Gökdepe etrabyndaky 4-nji çagalar bagynyň müdiri.
Beýleki habarlar