Haly — halkymyzyň hazynasy

27 Maý 2024
280

Halkymyzyň ajaýyp milli sungatynyň ykrar edilmeginiň we oňa hormat goýulmagyň nyşany hökmünde her ýylda bellenilip geçilýän Türkmen halysynyň baýramy çeper elli halyçylaryň zähmetine berilýän ýokary bahadyr. Şu jähetden, 26-njy maýda paýtagtymyzda bu baýram mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisiniň hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisiniň geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.

Dabaraly çäreleriň öňüsyrasynda Türkmen halysynyň milli muzeýinde sergi guraldy. Serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi, daşary ýurtlaryň, halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we köp sanly beýleki adamlar gatnaşdylar. Hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dabara gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

«Nesil».
Beýleki habarlar