Zer gadyryny zergär biler

24 Maý 2024
393

Hormatly Prezidentimiz milli mirasymyza aýawly garamak, senetçiligi ösdürmek we ýaşlara öwretmek hakynda ýadawsyz alada edýär. Şonuň netijesinde beýleki ugurlar bilen birlikde zergärçilik hem ösüşlere eýe bolýar. Ata-babalarymyzyň köp asyrlaryň dowamyndan döreden gymmatlyklaryny giňden wagyz etmek we bu kesbe ýaşlary giňden çekmek maksady bilen ýerlerde anyk işleri alyp barýarys. Şonda zergärçilik bilen meşgullanýan ildeşlerimiziň iş tejribelerini ýaýradýarys. Inçe senedi özüniň ykbal işine öwrenleriň biri-de Ogulnur Öräýewadyr. Etrabymyzyň Hojainebeg geňeşliginiň Täze ýol obasynda ýaşaýan bu zenan indi köp ýyldan bäri zergärçilik bilen meşgullanýar. Ol öz kärini çagalaryna we obanyň beýleki ýaşlaryna yhlas bilen öwredýär. Biz hem inçe senede gulluk edýän şeýle adamlary giňden goldaýarys. Şonuň netijesinde senetçilik ýoluny ýöredýänleriň sany barha artýar.

Merdan NURMAMEDOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Saýat etrap birleşmesiniň başlygy.
Beýleki habarlar