Ekologiýa — ileri tutulýan ugur

22 Maý 2024
334

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan BMG-niň, beýleki abraýly halkara guramalarynyň ekologiýa, daşky gurşawy goramak boýunça Konwensiýalaryna goşulmak, maksatnamalaryna, taslamalaryna gatnaşmak bilen, bu ugurlardaky tagallalaryny giňeldip, işjeňligini has-da ýokarlandyrýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň şu babatdaky möhüm başlangyçlary, giň gerimli tagallalary, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň olary üstünlikli dowam etdirmegi bilen baglanyşyklydyr.

Belli bolşy ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynyň daşky gurşawyň goraglylygyny, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen bilelikde ösdürilmegi strategik meýilnamalarda, ýagny «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň rejelenen görnüşinde, «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynda» we beýleki resminamalarda anyk bellenilýär. Şeýlelikde, olaryň çäklerinde öňde goýlan wezipeleriň toplumlaýyn ýerine ýetirilmegi milli ykdysadyýetimiziň tutuşlygyna ekologiýalaşdyrylmagyna, has takygy, bu ugurdaky degişli meseleleriň sazlaşykly, utgaşykly çözülmegine hyzmat edýär.

Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar