Ýaşlar syýasaty dabaralanýar

11 Ýanwar 2021
1096

Bu gün ata Watanymyz Türkmenistan ösüp gelýän ýaş nesilleriň dünýä ülňülerine laýyklykda ýokary hilli bilim almagy, ylym öwrenmegi, beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegi hem-de kämil hünärmenler we şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda ähli mümkinçilikleri döredýän döwlet hökmünde tanalýar. Degişli ugurda ýurdumyzda ýaşlaryň öz ýagty geljegini gurmagy — ussat hünärmenler bolup ýetişip, olaryň iş bilen üpjün edilmegi, özleriniň ukyp-başarnyklaryny Watanymyzyň ösüşlerine gönükdirmegi hem-de döredijilik äleminde mynasyp orunlaryny tapmaklary üçin döwlet derejesinde uly tagallalar edilýär. Muňa Türkmenistanda ýaşlar syýasatyny goldamak we döwlet syýasatynyň bu möhüm ugrunyň kanunçylyk binýadyny düýpli we yzygiderli berkitmek babatda alnyp barylýan işler hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Islendik ýerde-de, islendik döwürde-de ýaşlaryň geljegi, olaryň ösüşi döwlet tarapyndan berilýän goldawa we döwrebap kanunçylyga baglydyr. Muny geçilen durmuş ýolunyň giň tejribesi doly subut etdi. Bu garaýyşlardan ugur alýan ýurdumyzda bolsa, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen ýaşlarynyň ählitaraplaýyn bilimli, ylymly, ussat hünärmenler, sagdyn nesiller bolup ýetişmegi ugrunda beýik işler durmuşa geçirilýär. Diýarymyzda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmek babatda amala aşyrylan özgertmeler bimöçberdir. 2013-nji ýylyň awgustynda kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny munuň subutnamasydyr.

Atamyrat GURBANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar