Ylymly ýaşlar — Watan daýanjy

9 Aprel 2024
241

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, hünär taýdan ukyp-başarnyklarynyň kämilleşdirilmegi, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan zehinleriň taýýarlanmagy ugrunda ähli şertler döredilýär. Ylym-bilimiň hili täze innowasion tehnologiýalaryň, täze okuw maksatnamalaryňdyr gollanmalaryň, okatmagyň interaktiw usullarynyň bu ulgama ornaşdyrylmagy bilen has-da kämil derejelere ýetýär. Şunuň bilen birlikde, ýaşlaryň hem täze tehnologiýalar boýunça okamak, olara erk etmek, ylmyň soňky gazananlaryndan habarly bolup, özleşdirmek, öwrenmek höwesi artýar. Ylma höwes hem-de bilesigelijilik bilen ymtylýan ýaşlaryň zehin-ukyby artýar, kämillik ýolunda başarnygy, erjelligi taplanýar.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmegi bilen, ýurdumyzyň we dünýäniň iň öňdebaryjy tejribelerine, sanly tehnologiýalaryň häzirki zaman gazananlaryna daýanan milli bilim ulgamymyzda uly üstünliklere ýetilýär. Ýurdumyzda öz kärine ussat ýaş alymlar kemala gelýär. Halkara olimpiadalarda, ders bäsleşiklerinde guwandyryjy netijeleri gazanýan, ylmy konferensiýalarda, maslahatlarda üstünlikli çykyş edýän ýaşlarymyz ýurdumyzda bilim ulgamynyň pajarlap ösýändigini dünýä äşgär edýär.

Näzik ÇARYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki saz ugruna ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň müdiri.
Beýleki habarlar