Nol barada gyzykly maglumatlar

10 Awgust 2022
2026

Käbir alymlaryň aýtmagyna görä, «nol» sözi greklerden alnypdyr: Ptolimeý sanlaryň ýok ýerinde «0» harpy ýazypdyr (omikron — «hiç zat» diýmegi aňladýar). Beýleki alymlaryň bellemegine görä, «nol» sözi Hindistandan gelip çykypdyr. Hindistanda arifmetikanyň gazanan esasy üstünlikleriniň biri-de onlugyň nol hasap edilmegidir. Nolly ýazgylaryň has gadymylaryna Hindistanda 876-njy ýylda tapylan ýazgy degişlidir. Kampuçide we Indoneziýada şeýle ýazgylar VII asyra gabat gelýär (nol nokat görnüşinde ýa-da kiçijek tegelejik görnüşinde aňladylypdyr).

Ilki nol «san» diýen söz bilen atlandyrylypdyr. Bu ýagdaý XIX asyra çenli dowam edipdir. XV asyrda noly san hasap etmändirler. Fransuz matematigi Žirar (1629ý.) ilkinji bolup noly deňlemäniň köki hökmünde, ýagny san hökmünde kabul edipdir, ýöne ondan has soňrak (1697ý.) Oksford uniwersitetiniň professory Djon Ballis «nol san däl» diýen pikiri öňe sürüpdir. Natural sanlaryň düzümine nol Eýler tarapyndan 1768-nji ýylda girizilipdir.

Gülşat AHUNOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.