Gowaçanyň tohumçylygyny ylmy esasda alyp barmagyň usullary

9 Awgust 2022
1954

Sortuň haýsy hem bolsa bir alamatynyň ünsden düşürilmegi pagta hasylyny öndürijilere ýa-da dokma senagatyna uly zyýan ýetirip biler. Mysal üçin, sortuň fuzarioz ýa-da wertisillioz süllerme kesellerine durnuklylygynyň ýitirilmegi ilki bilen, alynýan hasylyň azalmagyna, süýümiň hiliniň ýaramazlaşmagyna getirýär.

Ýurdumyzda gowaça sortlarynyň tohumçylyk işlerini alyp barmak boýunça birnäçe usullar işlenip düzüldi we önümçilikde ulanyldy. Olar «Gowaçanyň önümçilige ornaşdyrylan sortlarynyň elita tohumyny sort içre gül çakyşdyrma usuly bilen öndürmek», «Gowaçanyň önümçilige ornaşdyrylan sortlarynyň saýlantgy we 1-nji arkaly tohumyny ýekebara seçgi bilen öndürmek», Türkmenistanda işlenilip taýýarlanylan «Gowaçanyň önümçilige ornaşdyrylan sortlarynyň saýlantgy (elita) we 1-nji arkaly tohumyny döwürleýin ýekebara seçgi, barlag hem-de tohum saklamak bilen öndürmek», şeýle hem «Gowaçanyň önümçilige ornaşdyrylan sortlarynyň elita (saýlantgy) tohumyny öndürmegiň kämilleşdirilen usullary» ýaly ylmy gollanmalardyr. Soňky usulyň beýany aýratyn gollanma görnüşinde 2000 — 2009-njy ýyllarda neşir edilip, oba hojalyk işgärlerine, tohumçylyk bilen meşgullanýan hünärmenlere ýetirildi. Gollanmalar ýurt boýunça köpçülikleýin ýaýradylan hem bolsa, oba hojalyk işgärleriniň söýgüli gazeti bolan «Bereketli topragyň» üsti bilen pagtaçylyk, aýratyn-da, gowaçanyň tohumçylygy bilen meşgullanýan tohumçy hünärmenleri tohum serişdeleriniň ylmy esasda nähili köpeldilýändigi bilen gaýtadan tanyşdyrmagy makul bildik.

Şamyrat AKMYRADOW,
Oba hojalyk ylymlarynyň doktory.