Belent maksatlar rowaçlanýar

14 Iýun 2022
1522

Ýur­du­myz­da yl­my iş­le­ri ama­la aşyr­mak, yl­my göz­leg­le­riň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mek, ola­ryň ne­ti­je­le­ri­ni önüm­çi­li­ge or­naş­dyr­mak üçin ze­rur şert­ler dö­re­dil­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň ýur­du­my­zyň ylym-bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­mä­ge ber­ýän uly ün­si ne­ti­je­sin­de yl­my eda­ra­la­ryň we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy pug­ta­lan­dy­ryl­ýar, ola­ryň işi­ne iň tä­ze mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ornaşdyrylyp, in­ter­ne­tiň we elekt­ron ki­tap­ha­na­la­ryň üs­ti bi­len mag­lu­mat­la­ryň dün­ýä gaz­na­sy­na ýo­ka­ry tiz­lik­li el­ýe­ter­li­lik üpjün edilýär.

Hä­zir­ki wagt­da alym­la­ryň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, dün­ýä­niň iri ylym-bi­lim mer­kez­le­ri, hal­ka­ra gu­ra­ma­lar we gaz­na­lar bi­len uzak möh­let­li hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­mak üçin müm­kin­çi­lik­ler düýp­li gi­ňel­di. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne, Aş­ga­bat­da we we­la­ýat­la­ryň do­lan­dy­ryş mer­kez­le­rin­de yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän mas­la­hat­lar, okuw­lar, ser­gi­ler, yl­my iş­gär­le­riň du­şu­şyk­la­ry hem şa­ýat­lyk ed­ýär. Ola­ra dür­li ýurt­lar­dan köp san­ly myh­man­lar iş­jeň gat­naş­ýar­lar.

Al­la­my­rat AMAN­DUR­DY­ÝEW,
Türk­me­nis­ta­nyň Baş pro­ku­ra­tu­ra­sy­nyň Kä­mil­lik ýa­şy­na ýet­me­dik­ler we ýaş­lar ha­kyn­da­ky ka­nun­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ne gö­zeg­çi­lik bö­lü­mi­niň uly pro­ku­ro­ry.