Ippoterapiýa

14 Ýanwar 2022
736

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021

Halkymyzyň öz behişdi bedewleriniň gadyryny uly dereje bilen arzylaýandygy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has hem aýdyň görünýär. Hormatly Prezidentimiziň milli gymmatlyklarymyzyň, şol sanda ahalteke bedewlerimiziň şöhratlanmagyna ak ýol açmagy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem beýleki halklaryň hem bähbidine boldy. Çünki ahalteke atlarynyň muşdaklary dünýäniň ähli ýurtlarynda hem köp. Türkmen bedewleri dünýä möçberinde geçirilýän uly halkara marafon aralygy, adaty at çapyşygy hem-de  gözellik sergisi ýaly birnäçe ýaryşlarda hem özlerini äleme tanadan atlardyr. Gahryman Arkadagymyz owadanlykda, ýyndamlykda, çydamlylykda, ynsan deýin duýgurlykda zeminde deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewlerimize belent sarpa goýmagy, tutuş kalbyň bilen olara buýsanmagyň şahsy göreldesini görkezmegi bütin dünýäde ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny  has-da artdyrdy. Türkmeniň behişdi bedewlerini näçe taryp etseň-de bärden gaýdýar.

Ýolaman MÄMMEDOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.