RUHUBELENTLIGIŇ GÖZBAŞY

14 Ýanwar 2022
759

Saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sport, syýahatçylyk döwletimiziň syýasatynyň möhüm ugurlary bolup, olar ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş  derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün edýär. Sport  bilen meşgullanmak adamy sagdyn durmuşa, ruhubelentlige, kämillige, beýik sepgitlere, öňde goýan maksadyna ýetmäne uly itergi berýär.

Ýurdumyzda sport ulgamyny ösdürmäge, onuň maddy-enjamynyň binýadyny döwrebaplaşdyrmaga hem-de jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli taslamalary  durmuşa geçirmekde  hormatly Prezidentimiziň  baştutanlygynda ägirt uly işleriň alnyp barylýandygyny buýsanç bilen bellemelidiris. Her bir adamyň sagdyn bedenli bolmagy ugrunda  uly aladalary edýän milli Liderimiz sagdyn durmuş ýörelgesini  durmuşa geçirmäge, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, ýokary netijeli sporty ösdürmäge, olaryň uly üstünliklere ýetmegi ugrunda tagallalary edýär.