Üstünlige ruhlandyrýar

13 Sentýabr 2021
1716

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ylmy ösdürmekde dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýär. Bu ugurda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň täzeden dikeldilip, aspiranturalaryň, doktoranturalaryň we kliniki ordinaturalaryň döredilendigini buýsanç bilen ýatlap geçmek bolar.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, milli aýdym-saz sungatymyzy dürli taraplardan öwrenip, bu ugurda kandidatlyk, doktorlyk alymlyk derejelerini gorajaklara giň mümkinçilikler döredilýär. Şundan ugur alyp, ýurdumyzda aýdym-saz sungatynyň wekilleriniň birnäçesi saýlap alan ugurlary boýunça ylmy dissertasiýalaryny üstünlikli gorap, «Sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty» diýen alymlyk derejesine eýe boldular. Şolaryň hatarynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlarynyň hem birnäçesi bar.

Çaryýar JUMAÝEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory.