Sahaba siňen sungat

26 Awgust 2021
1943

Hormatly Prezidentimiz: «Keremli topragymyzda döredilen ylym öýleri — akademiýalar arap-ajam ýurtlarynda nusgalyk bolup hyzmat edipdir» diýip, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda belläp geçýär. Bu kitapda hormatly Prezidentimiz dürli döwürlerde dörän beýik şahslaryň türkmenler baradaky dünýägaraýyşlaryna anyk we takyk beren ylmy maglumatlaryna türkmen topragyna esaslanyp, orta asyrlarda senetçiligiň, ylmyň we medeniýetiň ösen ýeri bolandygyny dolulygyna subut edýär. Ylmyň gönezligini özünde jemleýän golýazma kitaplaryny döreden uly mekdepleriň hem bolandygyny biz taryhdan bilýäris. Muňa Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hazynasynda saklanylýan, ösüş döwrüniň ähli tapgyrlaryny geçen nusgawy ýazuw ýadygärliklerimiz hem şaýatlyk edýär.

Ýazgylardyr şekiller bilen taýýarlanylan her bir golýazmanyň ähli bölekleri sungatyň taryhy ösüşini, medeniýetini özünde jemleýän maddy gymmatlyk bolup durýar. Kitap ussalarynyň, kagyz we syýa ýasaýjylaryň, hatdatlaryň, nagyş we miniatýuraçylaryň, sahapçylaryň siňdiren el zähmetleriniň güýji bilen ylymdar adamlaryň gymmatly pikirleri biziň günlerimize gelip ýetipdir. Bu iş bilen meşgullanýan adamlar kitaby owadanlamak we daşyny gaplamak işlerine uly üns beripdirler. Golýazma kitabynyň döreýşi basgançakly bolup, ilki papirus we pergament düýrlenen kagyzlary, tagta kagyzy, diplom, depder we depder topy döreýär. Gurluşy kagyz materialyndan düzülen depder topuny daşky gurşawyň we mehaniki täsirleriň zaýalanmagyndan goramak zerurlygy ýüze çykýar. Ilkiler galyň deriniň özi bilen depder topunyň daşyny sahaplapdyrlar. Ýuwaş-ýuwaşdan depderleriň eplenmezligi, tekiz ýagdaýda durmagy üçin birnäçe gat ýelmenip galňaldylan kagyzyň daşyna ýuka derini örtüp sahaplapdyrlar.

Alma SÜLEÝMANLY,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň bölüm müdiri.