Milli kanunçylyk we ylmyň gazananlary

19 Awgust 2021
2003

Hormatly Prezidentimiz  Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda milli ykdysadyýetimizi has-da ösdürmäge, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, ylmyň täze gazananlaryny durmuşa ornaşdyryp, ata Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmaga gönükdirilen il-ýurt bähbitli tutumly işler alnyp barylýar. Bu işleriň jemgyýetimiz üçin döredýän oňyn netijeleri babatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda çykaran Karary bilen tassyklanan, Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda: «Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döwletiň orny esasan iki maksada gönükdirilýär. Birinjisi — täze ýagdaýlara uýgunlaşan kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmeginden, şol sanda önümçilik serişdeleriniň hasabatlylygynyň ygtybarlylygyny we senagat derejesinde internet ulgamyny ornaşdyrýan kompaniýalaryň hukuk goraglylygyny üpjün etmekden ybarat. Ikinjisi bolsa, önümçiligiň sanly ýörelgesine eýerip, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrýan kärhanalar üçin amatly şertleriň döredilmegidir» diýlip bellenilýär.

Bu ugurda amala aşyrylan işleriň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda gol çeken Karary has ähmiýetlidir. Ýagny, oňa laýyklykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň birinji tapgyrynda hem-de Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine guramaçylyk hukuk görnüşine garamazdan, edaralara, kärhanalara we guramalara, şeýle hem ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslara — hususy telekeçilere elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary bellenen tertipde döretmegi, işe girizmegi we olaryň yzygiderli işjeň täzelenip durulmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Daňatar MÜRZÄÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň esasy ylmy işgäri.