Suwy süýjetmegiň kämil gün gurnawy

16 Awgust 2021
1820

Häzirki wagtda ylmy-önümçilik merkezimizde ylmyň esasy ugurlary boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Günüň energiýasynyň hasabyna suwy süýjetmeklik meselesi ol işleriň esasylarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda senagatyň ösmegi ýokary hilli suwy we suw üpjünçiliginiň uly kuwwatyny talap edýär. Türkmenistanda bar bolan ýerasty we ýerüsti suwlaryň düzüminde duzlaryň derejesi ýokarydyr. Onuň adamyň saglygyna we senagat gurnawlaryna ýetirýän täsirini hasaba alanymyzda, bu görnüşli suwlardan peýdalanmakda çözmesi çylşyrymly meseleler ýüze çykýar. Şol sebäpden hem Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ylmy-önümçilik merkezinde Gün energiýasynyň hasabyna bugartmaklyk usuly bilen gije-gündiz işleýän suw süýjediji gurnaw işlenip taýýarlanyldy.

Gurnawda howa we şorlulyk derejesi dürli bolan ýerasty suwlarda synag-barlag işleri geçirildi. Alnan netijeler barlaghanada barlanyldy we oňyn netije alyndy.

Merjen ALLABERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ylmy-önümçilik merkeziniň işgäri.