Alymlyk derejesini tassyklaýan diplomlar gowşuryldy

2 Awgust 2021
1961

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilimi hemmetaraplaýyn ösdürmek, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak we ykdysadyýetde netijeli peýdalanmak, jemgyýetiň aň-bilim mümkinçiliklerini giňeltmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Garaşsyz ýurdumyzda ylym bilen düýpli meşgullanmak üçin ähli amatly şertler döredilendir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurlan ylym-bilim desgalary, barlaghanalar, olaryň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegi, aspirantlaryň, doktorantlaryň jemgyýetiň ylmy esaslaryny ösdürmeklige, ýurduň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaklyga gönükdirilen ylmy pikirlerini, derňewlerini, seljermelerini, tekliplerini beýan edip döredijilikli zähmet çekmegi, düýpli işleriň önümçilige ornaşdyrylmagy aýdýanlarymyza şaýatlyk edýär.

Mämmet MÄMMEDOW,
«Nebit-gaz».