Deňiz howasyndan agyz suwuny almaklygyň amatlylygy

2 Awgust 2021
1999

Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Berkarar Watanymyzda gadymy döwürde ýurdumyzyň üstünden geçýän kerwenleri agyz suwy bilen üpjün etmekligiň aladasy edilipdir. Şeýle maksat bilen ymgyr sähranyň içinde we aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän düzlüklerde ýörite gurluşy bolan suw saklaýjy desgalar — sardobalar (pars dilinde sard — sowuk, ab — suw) gurlupdyr.

Sardoba diňe ýagyn suwuny saklamak bilen çäklenmän eýsem, howadan hem suw alypdyr. Bu wezipäni sardobanyň suw saklaýan howzunyň üstünde edilen gümmez ýerine ýetirýär. Onuň dört sany çar tarapa bakdyrylyp ýasalan uly deşiklerinden islendik tarapa akýan howa girende sowapdyr we düzümindäki artykmaç suw bugy gümmeziň içki diwaryna çöküp damja görnüşinde howza damypdyr. Şeýlelikde howuzda az-azdan kerwen üçin zerur bolan agyz suwy toplanypdyr.

Mekan GURGENOW,
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň talyby.