Dalaşgärlere diýjeklerim...

21 Iýul 2021
1798

Tomus paslynyň güneşli günlerini islendik wagt ýatlanyňda hem, köplenç, gyzykly gezelençler, dynç alyş, deňiz, oba durmuşy ýadyňa düşýär. Emma orta mekdebi tamamlan uçurymlar hem-de ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa girmäge taýýarlanýan ýaşlar üçin bu pasyl aýratyn täsirlere eýe. Tomus olara ýüreklerinde beslän arzuw-hyýallaryna — öz saýlap alan hünärlerine ýetmek üçin az wagtyň galandygyny ýatladýar. Sebäbi sanlyja wagtdan iň bir tolgundyryjy möwsüm — giriş synaglary ýetip gelýär. «Talyp» diýen belent ada eýe bolmak niýeti bilen resmi iş kagyzlaryny tabşyran dalaşgärler üçin bu pasyl aýgytlaýjy pursatlaryň biridir.

Hemişe bolşy ýaly, okuwymyzy tamamlap, tejribelik geçýän günlerimiz ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resmi iş kagyzlarynyň kabul edilip başlanýan döwrüne gabat gelýär. Köpçüligiň üýşýän ýerlerindäki gürrüňlere diň salsaň-da, döwürleýin neşirleriň sahypalaryna göz aýlasaň-da, «Dalaşgär — 2021» diýen sözlere gabat gelmek bolýar. Her gezek ýokary okuw mekdebimiziň resminamalary kabul edýän bölüminiň ýanynda gözleri uçgunly dalaşgärlere nazarym kaklyşanda, birnäçe ýyl mundan ozal özümiňem şo-ol ajaýyp duýgulara berlen günlerimi ýatlaýaryn.

Mars ALLAKOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň daşary ýurt dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyby.