Gymmatly gollanma

6 Iýul 2021
1825

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilim ulgamyny yzygiderli ösdürmeklige döwlet derejesinde ähmiýet berýär. Dünýäniň ösen ýurtlary bilen bilim ulgamynda sanly aragatnaşyklar ýola goýulýar. Häzirki wagtda bilim ulgamy öňdebaryjy ýurtlaryň derejesine çykarylýar, halkara hyzmatdaşlygy giňeldýär.

Hormatly Prezidentimiz bu hakda söz açyp: «Halkara bilim prosesine işjeň integrirlenmek, halkara hyzmatdaşlygyny we dünýäniň esasy ylmy hem-de bilim merkezleri, beýleki ýurtlaryň hünärmenleri bilen tejribe alyşmagy ýola goýmak biziň bilim syýasatymyzyň örän möhüm bölegi bolup durýar» (Gurbanguly Berdimuhamedow. Ösüşiň täze belentliklerine tarap. A.: TDNG. 2009. 27 sah.) — diýip belleýär. Milli Liderimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, bu günki gün ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okuw-terbiýeçilik, okuw-usulyýet işleriniň hili ýokarlandyrylýar, professor-mugallymlar tarapyndan döwrebap okuw kitaplary, gollanmalary taýýarlanylýar, utgaşyklykda ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Bu bolsa ata Watanymyzyň gelejegi bolan bilimli, terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, ýokary ahlakly şahsyýetleri kemala getirmeklige oňyn täsirini ýetirýär.

My­rat TU­WA­KOW,
TYA-nyň Dil, ede­bi­ýat, ta­ryh we pe­da­go­gi­ka ylym­la­ry bö­lü­mi­niň mü­di­ri, fi­lo­lo­gi­ýa ylym­la­ry­nyň kan­di­da­ty