Çeper terjime we internet terjimesi

6 Iýul 2021
1930

Halkymyzyň arasynda köp dil bilmek hem bir nygmat hasaplanylýar. Häzirki döwürde ýokary tizlikli internetiň elýeter mahaly dünýä dillerini öwrenmek mümkinçiligi has-da ýokary. Dilleri ilkinji ýazuwyndan başlap öwredýän gollanma-programmalar, dürli görnüşdäki kitaplar ýa-da ýörite saýtlar zerur bilim gory, maglumatlar bilen üpjün edýär. Esasy zat haýsy dili öwrenmek isleýändigiňi öňünden anyk kesgitlemek hem-de bu gelen kararyňy mäkäm ýüregiňe düwmek. Niýet çuň, maksat beýik bolanda işleriň öňe ilerleýşi göwnejaý bolýar. 

Daşary ýurt dillerini öwrenmäge höwesiňi artdyrýan aýratynlyklaryň biri hem şol dili öwrenip, özleşdirmek bilen özüňe — geljekki ykbalyňa nämeler gazandyryp biljekdigiňi göz öňüne getirmekdir. Daşary ýurt dilini söwda, telekeçilik, döredijilik, ylym-bilim, syýahat maksatly öwrenip bilersiňiz. Bularyň birini ýa-da ählisini hem saýlap bilersiňiz. Düşnükli hem-de aýdyň maksatlar ynsana güýç-gaýrat berýän, üstünlikli ýollarynda goşa ganat bolýan zatlardyr. Dil öwrenmekden maksat diňe gürleşmek, pikir alyşmak hem bolup biler. Belki-de, dilmaç, terjimeçi bolmak hyýalyňyz bardyr. Ýa-da şol dillerdäki täzelikler, habarlar bilen tanyşmak isleýänsiňiz. Belki-de, edebi-çeper, ylmy edebiýatlary terjime edip, naýbaşy eserleri, paýhasly sözleri, ähmiýetli düşünjeleri okyjylar bilen paýlaşmak meýliňiz bardyr. Bularyň her biri şol dili düýpli öwrenmegi talap edýär. Dil bilşiňiz näçe gowy bolsa, özara gatnaşyklaryňyzyň gerimi hem şonça giň bolar. Ýabygorly öwrenibem, käbir sözleri çala ýaňzydybam belli bir menzil aşyp bolar, ýöne bu ýagdaý sizi hem, siziň söhbetdeşiňizi hem uzak özüne çekmese gerek.

Gadam AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy