Ilkinji menziliň üstünlikleri ýaşlary ylym älemindäki geljekki uly maksatlara ruhlandyrýar

18 Iýun 2021
1757

Türkmenistan ylymlar ýurdy. Döwletimizde ylym-bilim ulgamy gülläp ösýär, has-da rowaçlanýar. Bagtyýarlyk döwrüniň üstünlikleridir. hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen degişli ulgamlarda ýetilen belent sepgitler muny aýdyňlygy bilen subut edýär. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesilleriň ýokary hilli bilim almagyna hem-de ählitaraplaýyn kämil ösmegine, ylym bilen giňden meşgullanmaklaryna mümkinçilik berýär.

Ylym kämillige ýol açýar. Muny adamzadyň geçen durmuş ýoly hem doly subut edýär. Çünki ynsanyýetiň bu günki gazananlarynyň ählisi ylmyň netijesi bolup durýar. Ylym — adamy kämilligiň çür başyna çykarýar. Bu bolsa häzirki zaman şertlerinde islendik bir döwletiň geljegi bolan ýaşlary ussat hünärmenler edip ýetişdirmekde ylmyň möhüm ornunyň bardygyny kesgitleýär. Degişli ugurda ata Watanymyzda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakyndaky» Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde türkmen ýaşlarynyň arasynda her ýylda geçirýän ylmy işler boýunça bäsleşigi hem doly güwä geçýär.

Şemşat KIÇIGULOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.