Bagtly geljege ak ýol

11 Iýun 2021
1675

Ylym islendik döwletiň ösüşiniň esasy sütüni bolup,  bagtly geljege ýagtylyk saçýan ýoldur. Ýurdumyzda ylmyň täze gazananlary netijeli gözlegler bilen baýlaşyp, geljegi juda parlak ylmy jemgyýetçiligi kemala gelýär. Milli Liderimiziň ylym-bilim ulgamyny çäksiz goldaw bilen gurşamagynyň netijesinde alymlarymyz dürli ugurlarda ylmy gözlegleri geçirip, dünýä ylmyna goşant goşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň döwrebap derejede bilim almaklary, ylmyň çuňluklaryna siňip, açyşlar, oýlap tapyşlar älemine aralaşmaklary üçin taýsyz tagallalary edýär. Bu bolsa Watanyň kuwwatly geljegi bolan ýaş nesli ylym bilen meşgullanmaga ruhlandyrýar. Şol sebäpden ylym diýlen jadyly barlyga aralaşyp, netije gazanýan ýaşlaryň, şol sanda mekdep okuwçylarynyň hem sany barha artmak bilen. Ýylyň-ýylyna «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ylmy-taslama bäsleşigine, şeýle-de Halkara olimpiadalara gatnaşyp, ýurdumyza baýrakly dolanýan ýaşlarymyzyň az däldigi bu aýdylanlara doly şaýatlyk edýär.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz.