Ösüşleriň altyn açary

10 Iýun 2021
1655

Maglumat asyrynyň özgerişleri netijesinde adamzat jemgyýetiniň ösüş ýolunda täze tapgyr açyldy. Bu bolsa, esasan, ýaşaýşyň aň-paýhasyň ösüşi netijesinde döredilýän tilsimat bilen dolandyrylýan zamanasynyň binýadyny goýdy. Bu gün ösen aň-paýhasa, ýokary ylmy netijelere bolan talap has öňe çykyp, jemgyýetiň öňdebaryjylygy bu ugurda ýetilýän derejeler bilen kesgitlenip başlandy. Bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga ymtylýan ýurtlar, ilkinji nobatda, milli ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge çalyşýarlar. Şeýlelikde, milli baýlyklaryň egsilmez çeşmesi hasaplanýan ylym ulgamynyň döwrebap ösdürilmegi ykdysadyýetde goşmaça gymmaty döretmek, jemgyýeti ösdürmek wezipeleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda ylmy-innowason we sanly-tehnologiýalar ulgamynyň ösüşiniň döwlet syýasatynyň esasy strategik ugruna öwrülmegi, bu ugurda täze özgertmeleriň durmuşa geçirilip, ýörite maksatnamalaryň kabul edilmegi soňky ýyllarda milli ylym ulgamynyň binýatlaýyn esaslaryny döwrebaplaşdyrmakda we berkitmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen döredilen, her ýylyň 12-nji iýunynda ýurdumyzda dabaraly bellenilýän Ylymlar güni döwlet tarapyndan bu ugra mynasyp ünsüň gönükdirilýändigini görkezýär.

Ylym jemgyýetiň öndüriji güýji we möhüm durmuş serişdesi hökmünde barha giň meşhurlyga eýe bolýar. Ylym adamyň daş-töweregini gurşap alýan ähli zatlar, ýagdaýlar baradaky bilimleridir, seljermeleridir we ol seljermeleri nazary taýdan ulgamlaşdyryş işidir. Ylym düşünjesi täze bilimi emele getirmek işini, şol işiň netijesini, ýagny, bellibir wagta çenli emele getirilen ylmy-bilimleriň jemini hem öz içine alýar we ylmy-bilimleriň aýry-aýry şahalaryny kesgitlemek üçin ulanylýar. Ylym adam durmuşynyň ähli çygyrlaryny, bolup geçýän hadysalara garaýyşlary hakyky beýan etmegi, düşündirmegi, ýagdaýlary öňünden çaklamagy, ýagny, hakykaty nazary taýdan şöhlelendirmegi maksat edinýär. Ylmyň üsti bilen, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak we jemgyýeti netijeli dolandyrmak maksatlarynda tebigatyň we jemgyýetiň kanunlary öwrenilýär. Ylmy iş bolsa, ylmy netijäni almak maksady bilen geçirilýän ylmy barlag bolup, ol tebigat, jemgyýet we adam hakynda täze bilimleri almaga we olary ulanmagyň täze usullaryny agtarmaga, oňyn netijeleri önümçilige ornaşdyrmaga gönükdirilen işdir. Onuň esasy görnüşleri düýpli we amaly ylmy barlaglar bolup durýar.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».