Takyk we tebigy ylymlar — durmuşyň geljegi

10 Iýun 2021
3043

Adamzat jemgyýetiniň ösüşi ylym-bilim bilen özara baglanyşyklydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ylym we bilim döwletimiziň güýç-kuwwatyny hem-de mümkinçiliklerini artdyrýan esasy serişde, jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýjüdir. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki zaman dünýäsi ylmy esasda ösdürilýär. Ylym-bilim pudagynyň işini kämilleşdirmek, bu işi häzirki zamanyň talaplary esasynda ýola goýmak bilen baglanyşykly guramaçylyk, hukuk, kanunçylyk çäreleriniň uly tapgyry amala aşyrylýar. 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň

Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy we Konsepsiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy munuň aýdyň görkezijisidir. Bu resminama Türkmenistanyň umumybilim maksatnamasynyň çäklerinde bilim almagyň döwlet bilim standartlarynyň talaplaryna laýyklykda, bilimiň basgançaklarynda tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagyň maksatlaryny, wezipelerini we usulyýetini döwrebaplaşdyrmagyň häzirki zaman çemeleşmelerine, şeýle hem bu dersleri okatmagyň milli tejribesine, halkara ölçeglerine laýyklygyny kesgitleýär. Şeýle hem sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagyň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini has-da ýokarlandyrmak we usulyýetini döwrebaplaşdyrmak, bu ugurda jemgyýetiň bähbitlerini goramaga taýýar, bilimli, döredijilikli, häzirki zaman ylmy-inženerçilik pikirli şahsyýetleri kemala getirmek we ösdürmek Konsepsiýanyň esasy maksady bolup durýar.

Gözel ORAZOWA
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.