Ylym — bagt güzeri

8 Iýun 2021
1821

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym, bilim ulgamlarynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda sanly ulgama geçmek bilen, innowasion ösüşleriň esasynda, ýagny interaktiw, multimedia, onlaýn we beýleki elektron hyzmatlardan peýdalanmak arkaly amala aşyrylýan beýik özgertmeler öz oňyn netijesini berýär. Şeýle özgertmeleriň esasyny bolsa ylym, bilim düzýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Ylym hem-de bilim adamzadyň bezegidir. Ähli döwürlerde beýik işler, beýik özgerişler ylmyň we bilimiň güýji bilen amala aşyrylypdyr» diýip belleýär. Munuň özi ähli ösüşleriň özeniniň ylym öwrenmek, bilim almak bilen baglydygyny aňladýar.

Alymlar, şahyrlar, dana kişiler ylym öwrenmegi hemişe ündäpdirler. Hususan-da, şahyrlar öz döredijiliklerinde ýaş nesli terbiýelemekde edep-öwüt meselesine aýratyn üns beripdirler. Bu ýagdaýy geçmişde ýaşap geçen şahyrlaryň şygyrlarynda hem görmek bolýar. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy:

Ata GYLYJOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň bölüm müdiri.