Ylym-bilimiň ähmiýeti

6 Iýun 2021
2149

Adamzat jemgyýetiniň ösüşinde ylym we bilim uly orna eýedir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ylym we bilim ulgamynyň ösdürilmegine we kämilleşdirilmegine uly üns berýär.

Hormatly Prezidentimiz alyp barýan döwlet işi bilen utgaşyklylykda ylmy we çeper eserleriň köp sanlysyny ýazyp, ilatyň ruhy medeniýetiniň ýokarlanmagy babatda uly işleri durmuşa geçirdi. Milli Liderimiz «Bilim — bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk» atly kitabynda, «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda, şeýle hem beýleki eserlerinde, çykyşlarynda, sözlän sözlerinde ylmyň, bilimiň jemgyýetiň ösüşindäki ähmiýetini açyp görkezýär.

Amangeldi OTUZOW,
Türkmenabat şäherindäki 24-nji orta mekdebiň mugallymy.