Gün planetalary nädip saklaýar?

31 Maý 2021
3989

Gün ulgamyndaky ähli planetalar we beýleki asman jisimleri millionlarça ýyldan bäri şol bir orbitada — hemişeki geçýän ýoly bilen aýlanýar. Asman jisimleriniň sekunt derejesinde hem ýalňyşman amala aşyrýan bu takyk hereketi alymlary köp ýyllardan bäri gyzyklandyrýar. Planetalaryň köpüsiniň dürli ululykdaky meteoridlerden, gazdyr bulutdan emele gelendigine garamazdan, şol bir orbitada aýlanmagy has hem haýran galdyryjy ýagdaýdyr.

Planetalaryň ählisi Günüň daşyndan tes-tegelek aýlaw etmän, ekliptika, ýagny çalarak süýnmek görnüşinde hereket edýär. Şeýlelikde, planetalaryň Gün bilen aralygy belli wagtlarda üýtgäp durýar. Günüň emele getirýän magnit meýdany olary özünden uzaklaşdyrman, belli aralykda saklaýar. Aýlaw edýän planetalaryň orbitasy hiç haçan üýtgemeýär. Güne iň golaý ýerleşýän Merkuriden iň uzakdaky Neptuna çenli ähli planetalar bir-biriniň golaýyndan geçende ýoluny üýtgetmeýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Dünýägözel TAÝMAZOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.