Akyllyjanyň «Altyn balyjagy»

12 Maý 2021
2144

Ylym ummanynyň gözýetmez giňişliginiň dartyş güýjüni fizikanyň kada-kanunlary bilen ölçerip dökmek asla mümkin däl. Ol dartyş güýjüni diňe dogabitdi zehin bilen ukyp-yhlasyň sazlaşygyndaky kanunalaýyklyk hökmünde aňladyp bolar. Diňe şeýle sazlaşygyň eýesi bolan zehin ylym ummanynyň äpet-äpet gomlarynyň arasynda gaýa-tupana özüni aldyrman erkin kürekläp bilýär. Biziň gahrymanymyz hem ylym ummanynyň şol gözýetmez giňişliginde ýadaman-ýaltanman kürek urup, sekiz onlugy tegeledi. Ol şindem ylym ummanynyň «altyn balyjagyny» yzarlap, dünýä akyl ýetirmegiň çuňluklaryna tarap gidip otyr. Ylmyň aňyrsyna çykyp bolmaýşy ýaly, oňa teşneligiň hem soňy ýok.

Könelerimiz «Atasyz — ýesir, enesiz — ýetim» diýip hak aýdypdyrlar. Iki aýlyk bäbejikkä atasyz, iki ýaşly çagajykka enesiz galan oglanjyk entek aga-gara düşünip ýetişmänkä agyr günleriň girdabyna sezewar boldy. Keselbent çagajygyň dadyna entegem dogan-garyndaşlary ýetişdi. Ýöne barybir ol ataly-eneli çagalygyň bagtly günleriniň şaýady bolup biljek däldi. Agyr urşuň ýeter-ýetmezçilikli günleri ähli maşgalalary hem holtumyna dolap alypdy. Zagara nan bilen ýuwa-ýelmikli hörek hem her kime ýetdirip duranokdy. «Adam başy — daşdan gaty» diýleni. Herhal dogan dogany, goňşy goňşyny goldaşyp, ol gabahat ýyllaram yzda galdy. Biziň gahrymanymyz hem indi «Tur-otur, kersen getire» ýaran, ýedi-sekiz ýaşlaryndaky oglandy. Ejizjedi, çepiksijedi. Obanyň ýaşy uluraklary onuň okuw ýaşynyň ýetendigini tekrarlasalar, beýleki birleri oňa bäş ýaşlyja oglanjyk diýerdi. Ýöne onda-da ululy-kiçili oglan-gyzlar bilen ol hem birinji synpa okuwa gidipdi.

Akmyrat ABDYLLAÝEW,
žurnalist.