Ýaş alymlaryň ylmy gadamlary

7 Maý 2021
2251

Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda zehinli ýaşlarymyzyň ylym-bilim dünýäsinde öz başarnyklaryny ýüze çykarmak we olaryň ylmy mümkinçiliklerini artdyrmak üçin ähli şertler döredilýär. Munuň özi Watanymyzyň ýagty geljegi bolan ýaşlarymyzyň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly ussat hünärmenler bolup ýetişmeklerine doly mümkinçilik berýär.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy hem-de paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy giňden dabaralandyrylýar. Goşa baýram mynasybetli ähli ulgamlarda dabaraly çäreler geçirilýär, sergiler guralýar. Şeýle baýramçylyk dabaralarynyň biri hem öňňin Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň arasynda geçirilen «Ýaş alymlaryň ylmy gadamlary» atly ylmy-taslama işleriniň sergisidir.

Amanmyrat ARAZOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň aspirantura bölüminiň baş hünärmeni.