Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

11 Fewral 2021
1709

Parasatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak we olary yzygiderli ösdürmek hem-de kämilleşdirmek arkaly giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda bu ugurda kabul edilen Konsepsiýalarda we maksatnamada hem milli ykdysadyýetimize sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň, maksady, wezipeleri we olary amala aşyrmagyň ugurlary, şeýle-de ösen maglumat aragatnaşyk tehnologiýalarynyň häzirki ýagdaýy aýdyň beýan edilýär.

Döwletimizde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, edara-kärhanalaryny we guramalaryny sanlylaşdyrmagyň baş maksady täze döwrebap sanly innowasiýalary ornaşdyrmak arkaly sanlylaşdyrylmagy gazanmakdan, obalary we şäherleri sanly maglumat-aragatnaşyk ulgamy bilen üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň binýadynda hem sanly ulgamy ösdürmek babatynda täze döwrebap ugurlaryň birnäçesi açyldy. Olar «Sanly ykdysadyýet», «Sanly ykdysadyýetde maliýe bazarlary we maliýe howpsuzlygy», «Ykdysady kibernetika» hem-de «Söwda we logistikada sanly tehnologiýalar» ýaly ugurlardyr. Ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň döwrebap bilim almagy hem-de geljekde öz işlerine ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Institutymyzyň çäginde sanly bilim portalynyň döredilmegi we oňa professor-mugallymlaryň okadýan okuw dersleriniň maglumatlarynyň ýüklenilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Sanly serişdeleriň ornaşdyrylmagy, döwrebap sanly bilim portalynyň herekete girizilmegi professor-mugallymlaryň mümkinçiliklerini ep-esli artdyrdy. Sanly bilimiň ösdürilmegine berilýän ünsüň barha güýçlendirilmegi, bu ugurda bilim alýan mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň durmuş tejribesiniň has-da baýlaşmagyna hem-de sanly ulgama uýgunlaşmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

Amanmyrat AŞYROW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.