Möhüm pudagyň netijeliligi

26 Ýanwar 2021
1178

Ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ýokary girdejili pudaga öwürmek, obasenagat toplumynyň köpugurly mümkinçiligini herekete getirmek üçin ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny, iň oňat dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmak boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. Bu wezipeleri amala aşyrmak üçin ekologiýany goramaga, tohumçylyk işinde innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga, ösümlikleri we haýwanlary goramak, toprak-suw serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça zerur çäreleri görmäge uly maýa goýumlary gönükdirilýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 22-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda 2021-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakynda» Karara gol çekmegi bilen, gowaça ekişi möwsüminiň taýýarlyk işlerine badalga berildi. Bu Karara laýyklykda, şu ýyl 620 müň gektar meýdanda gowaça ekip, 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär.

Akgül BAÝLYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.