Täze ylmy çemeleşme

18 Ýanwar 2021
2192

Ýyladyşhanalar üçin buýan substraty önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär

Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 25-nji dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz parasatly ata-babalarymyz tarapyndan dertlere garşy netijeli ulanylan, şypa beriji dürli melhem otlaryň bize miras galandygyny nygtady. Milli Liderimiz, aýratyn-da, buýan köküniň dermanlyk häsiýetini belläp, häzirki döwürde bu ösümligiň 350-den gowrak derman serişdesiniň düzümine goşulýandygyny aýtdy. Bu babatda döwlet Baştutanymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki kitaby gymmatly gollanmadyr.

Goçmyrat AMANNAZAROW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň dalaşgäri.