Saglyga peýdaly dermanlyk ösümlikler

5 Noýabr 2024
400

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Örän gysga döwürde paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, welaýat merkezlerinde iň häzirki zaman, ýokary hilli lukmançylyk enjamlary oturdylan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän hassahanalar, keseli anyklaýyş merkezler, türkmen topragynyň derde derman ösümliklerinden derman serişdelerini öndürýän kärhanalar guruldy.

Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe sürýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde adam saglygy baradaky alada ýokary derejededir. Saglygy goraýyş ulgamynyň ýeten derejesi Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz tagallalarynyň ajaýyp netijesidir. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny dünýä derejesine ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby bu ulgamyň ösüşine mynasyp goşandyny goşýar.

Ogulsadap DURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň öwreniji mugallymy.