Derde derman ösümlikler

19 Oktýabr 2024
354

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň hemmesi adamlaryň saglygy baradaky aladanyň ähli zatdan ileri tutulýandygyny bütin dünýä ýaýýar. Bu ynsanperwerligi halkymyz eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan her bir tutumly işlerde aýdyň görýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň täze, XVI jildiniň ýakynda giň okyjylar köpçüligine gowuşmagy munuň ýene-de bir subutnamasy boldy. Adam saglygyny hem abadançylygyny ýurduň baş baýlygy hasaplanýan berkarar döwletimizde sagdynlyk hem ruhubelentlik durmuşyň altyn kadasyna öwrüldi. Hak nazary düşen sahawatly türkmen topragy dürli ösümliklere baý ülke hökmünde bütin dünýäde bellidir. Günüň çogly nury we bereketli topragyň yzgary bilen emele gelýän şol ösümlikleriň esasy aýratynlygy olaryň aglaba böleginiň ynsan saglygy üçin ýaramlylygydyr. Bereketli türkmen topragy dürli tebigy baýlyklara, ösümliklere diýseň baý. Güneşli ülkämiziň «altyn» önýän topragynda ähli derdiň dermanyny tapsa bolýar.

Gahryman Arkadagymyzyň ynsan saglygy bardaky ylmy işleriniň we ylmy gözlegleriniň netijesi bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseri saglygy goraýyş işgärleriniň dünýägaraýyşlarynyň giňemegine, ynsan saglygynyň goragynda iş tejribelerini has-da artdyrmakda bahasyna ýetip bolmajak maslahatçydyr.

Owadan ARMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň çaga stomatologiýasy kafedrasynyň assistenti.