Näme üçin öňüni alyş sanjymy edilýär?

19 Oktýabr 2024
367

Güýz paslynda möwsümleýin wiruslaryň döredýän kesellerinden has köp duş gelýäni ýiti respirator wirusly ýokançlar we dümewdir. Bu kesellere garşy göreş immuniteti pugtalandyrmak, näsaglar bilen durmuş galtaşyklaryny çäklendirmek, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, ýaşaýyş üçin derwaýys maddalara baý önümler bilen iýmitlenmek, hereket işjeňligini saklamak, umuman, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip ýaşamak, öňüni alyş sanjymlaryny geçirmek boýunça çäreleri öz içine alýar. Keselleriň öňüni alyş sanjymlary immunitetiň ýokançlara durnuklylygyny, kesel dörände bolsa oňa garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Halk köpçüliginiň arasynda: «Immuniteti berk bolan adamlar kesellemeýärler» diýen pikir ýörgünli. Başda-da bellenilişi ýaly, immunitetiň berk bolmagy bedeniň kesellerden goraglylygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Ýöne munuň özi berk immunitetli adamlara wiruslaryň ýokuşmaýandygyny aňlatmaýar. Kesel dörediji mikroorganizmler howa-damja ýoly, şeýle-de näsag hem-de onuň ulanan zatlary bilen durmuş galtaşyklary arkaly islendik adamyň bedenine aralaşyp, kesel döredip bilýärler.

Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi.